Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
04.07.2025 18:11
4.9k+
Kazyýet ulanyjylaryň maglumatlaryny birugsat ýygnandygy üçin Google-y 314 million dollar tölemäge borçly etdi
Kaliforniýanyň kazyýet oturdaşlary Android enjamyndan ulanyjy maglumatlarynyň bikanun ýygnalmagy bilen bagly iş üçin Google kompaniýasyny 314 million dollar tölemäge borçly etdi diýip, Bloomberg habar berýär. Talap arzasyna görä, Alphabet Inc
04.07.2025 18:07
5.4k+
Çehiýada giň gerimli tok öçmesi boldy: Pragada metro durdy, adamlar liftlerde galdy
Çehiýada şu gün günortan töweregi giň gerimli tok öçmesi boldy diýip, «Novinky.cz» neşiri habar berýär. Tok öçmesi Praga şäheriniň köp bölegine, şeýle-de bäş sebite, şol sanda Mlada-Boleslawa, Usti-nad-Labeme we Grades-Kralowä hem täsir etdi
04.07.2025 17:58
11k+
Tramp Ak tamyň howlusynda UFC çempionlyk tutluşygynyň geçiriljekdigini mälim etdi
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň öňündäki meýdançada UFC tutluşygyny geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada ol ABŞ-nyň Garaşsyzlyk Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 250 ýyllygyna taýýarlyk bilen baglanyşykly Aýowa ştatyndaky çykyşynda habar berdi
04.07.2025 17:08
10k+
Taýson Fýuri Usik bilen üçünji söweşiniň senesini aýtdy
Britaniýaly boksçy Taýson Fýuri Instagram-da 2026-njy ýylda ukrainaly Aleksandr Usik bilen üçünji gezek söweşjekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, söweş 18-nji aprelde Londondaky “Uembli” stadionynda geçiriler
04.07.2025 17:05
8.8k+
Prada hindi şypbyklarynyň dizaýnyny ogurlamakda aýyplandy
Prada italýan moda öýi hindi şypbyklarynyň dizaýnyny göçürmekde aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Dawa Milanda erkekleriň Moda hepdeliginde brendiň täze kolleksiýasy görkezilenden soň başlady diýip, Daily Mail neşiri ýazýar
04.07.2025 12:19
6.4k+
Daniýa dünýäde ilkinji bolup raýatlaryny dipfeýkden goramak üçin kanun kabul etdi
Daniýa raýatlaryny dipfeýk tehnologiýasyndan goramak üçin giň gerimli kanunçylygy kabul eden ilkinji ýurt boldy. Täze kabul edilen kanun raýatlara öz sesine, daşky görnüşine hem-de sanly keşbine bolan aýratyn hukugy berýär diýip, «TechSpot» habar berýär
04.07.2025 12:15
10k+
Raşid Meredow Owganystanyň wise-premýeriniň wezipesini ýerine ýetiriji bilen TOPH we TOP taslamalaryny maslahatlaşdy
3-nji iýulda daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ykdysady meseleler boýunça Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen duşuşyk geçirdi
04.07.2025 12:09
21k+
Donald Trampyň gyzy kaşaň dynç alyş zolagyny gurmak üçin, Albaniýada ilatsyz adany satyn aldy
ABŞ-nyň Prezidentiniň gyzy Iwanka Tramp bilen onuň ýoldaşy Jared Kuşner Albaniýadaky Sazani adasyny satyn aldy. Olar öňki sowet harby bazalarynyň ýerleşýän ýerinde 1,4 mlrd dollarlyk kaşaň dynç alyş zolagyny gurmagy meýilleşdirýärler diýip, «Daily Mail» ýazýar
04.07.2025 12:05
12k+
21 ýaşly britaniýaly aýal ýekelikde Atlantika ummanyny kürekläp ýüzüp geçip, Ginnesiň rekordyny goýdy
Beýik britaniýaly 21 ýaşly Zara Lahlan Atlantika ummanynyň üsti bilen Ýewropadan Günorta Amerika çenli ýekelikde ýüzüp geçen taryhda ilkinji aýal boldy. Şeýle hem ol kesekiniň kömegi bolmazdan we ýolda saklanmazdan, şeýle syýahaty amala aşyran iň ýaş zenandyr diýip, Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär
04.07.2025 11:56
6.1k+
Sürülmedik Bugatti Bolide-i auksionda 6 million dollara goýdular
Awgust aýynda 001 şassi belgili Bugatti Bolide giperkarynyň birinji nusgasy Gooding & Company tarapyndan auksiona çykarylar. Hünärmenleriň baha bermegine görä, onuň bahasy 6 million dollara ýetip biler. Bu awtoulag diňe ýaryş ýollarynda ulanmak üçin niýetlenendir
04.07.2025 11:54
7k+
Toyota benzinli Grand Highlander-i çykarmak üçin elektromobilleriniň önümçiligini gijikdirýär
Toyota benzin bilen işleýän meşhur Grand Highlander ulagynyň önümçiligini artdyrmak üçin ABŞ-da elektrik ulaglarynyň öndürilişini gijikdirýär diýip, Bloomberg habar berýär. Ýapon awtoulag öndürijisi Jorjtaun zawodynda (Kentukki ştaty) täze elektrikli wnedorožnigiň önümçiligine badalga bermegiň möhletini 2026-njy ýyldan 2028-nji ýyla geçirdi
04.07.2025 11:51
2k+
Microsoft emeli aňa maýa goýmak üçin işçi güýjüniň 4%-ni azaldar. Bu 9 müň töweregi işgäre deň
Microsoft 9000 töweregi iş ornuny ýa-da işçi güýjüniň 4%-ini azaldar. Bu 2025-nji ýylda işden çykarylyşygyň ikinji tolkunydyr we emeli aňa maýa goýumlaryny artdyrmagyň çäginde kompaniýanyň gurluşyny tertipleşdirmäge we çykdajylary azaltmaga gönükdirilendir
04.07.2025 11:29
9.6k+
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Raşid Meredowy kabul etdi
3-nji iýulda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Duşuşyk barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy
03.07.2025 23:14
9.6k+
“Çelsi” 81 mln dollara braziliýaly hüjümçi Žoao Pedrony aldy
Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Žoao Pedro “Braýton end Houw Albiondan” Londonyň “Çelsisine” geçdi. Bu barada klubuň saýtynda resmi taýdan yglan edildi. 23 ýaşly oýunçy bilen şertnama 2033-nji ýyla çenli hereket edýär
03.07.2025 23:09
3.4k+
Honor dünýäde iň inçe eplenýän smartfon Magic V5-i hödürledi
Honor kompaniýasy Hytaýda Magic V5 eplenýän smartfonyny hödürledi. Öndürijileriň aýtmagyna görä, ol dünýäde şeýle gurluşlaryň arasynda iň inçesidir. Dünýä derejesinde tanyşdyrylyşynyň 2025-nji ýylyň ahyryna çenli bolmagyna garaşylýar
03.07.2025 22:52
8.1k+
Anhel Di Mariýa Ýewropadaky karýerasyny tamamlap, “Rosario Sentrala” gaýdyp bardy
37 ýaşly argentinaly futbolçy Anhel Di Mariýa Ýewropadaky 18 ýyllyk karýerasyny tamamlaýandygyny we öz eziz kluby “Rosario Sentrala” gaýdyp barýandygyny habar berdi. Ýarymgoragçy professional karýerasyna bu klubda başlapdy
03.07.2025 22:41
2.2k+
SpaceX kompaniýasy Falcon 9 raketasyny 500-nji gezek üstünlikli uçurdy
SpaceX kompaniýasy Falcon 9 raketasynyň 500-nji uçuşyny üstünlikli geçirdi. Ýubileý uçuşy Florida ştatynyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan amala aşyryldy. Raketa göterijisi Starlink hemralarynyň täze tapgyryny orbita çykardy
03.07.2025 22:36
6.3k+
“Kalmar oýny” serialy tomaşa boýunça ýene Netflix-iň rekordyny döwdi
“Kalmar oýny” serialynyň üçünji möwsümi Netflix-de täze rekord goýdy. Serial çykandan soň ilkinji üç günüň içinde 60,1 milliondan gowrak tomaşa ýygnady diýlip, platformanyň habarynda aýdylýar. Tomaşa etmegiň umumy wagty 368 mln sagatdan geçdi
03.07.2025 18:36
3.4k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanynda Magtymgula bagyşlanan ylmy maslahat gurady
22-26-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad we Mekke şäherlerine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
03.07.2025 18:32
3.3k+
Türkmenistan Parižde ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti 25-nji iýun – 3-nji iýul aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilýän ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň 33-nji Assambleýasyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
03.07.2025 18:27
4k+
Nissan hereketlendirijisindäki näsazlygy sebäpli 443 müňden gowrak ulagyny yzyna ýygnaýar
Nissan Motor Co. ýapon kompaniýasy hereketlendiriji bilen bagly näsazlyk sebäpli ABŞ-da 443 899 awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasynyň (NHTSA) saýtynda habar berilýär
03.07.2025 18:24
3.8k+
“Habbl” teleskopy Sowur ýyldyzlar toplumynda mawy öwüsýän dumanlygy surata düşürdi
Astronomlar “Habble” kosmos teleskopyny ulanmak bilen, Sowur ýyldyzlar toplumynda Ýerden takmynan 480 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän yzyna serpikdiriji şöhleli GN 04.32.8 dumanlygyny surata aldylar. DG 41 diýlip hem atlandyrylýan bu ýyldyzlar topary molekulýar buludyň düzümindedir
03.07.2025 18:20
3.4k+
Volkswagen howpsuzlyk ýassygyndaky kemçilik sebäpli 16 500 awtoulagy yzyna çagyrýar
Volkswagen ýolagçy howpsuzlyk ýassygy ulgamyndaky kemçilik sebäpli dünýäde 16 510 ulagy yzyna çagyrmaklyga girişdi. Kompaniýada kemçiligiň gaz generatory bilen baglanyşyklydygyny, onuň çaknyşyk wagtynda zerur goragy üpjün edip bilmejekdigini habar berdiler
03.07.2025 18:17
2.2k+
Doktor Sýuzyň ertekisi esasynda “Pişik” multfilminiň ilkinji treýleri hödürlendi
Warner Bros. Animation “Pişik” (The Cat in the Hat) multfilminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Ol Doktor Sýuzyň adybir ertekisiniň ekranlaşdyrmasydyr. Kinoteatrlarda premýera 2026-njy ýylyň 27-nji fewralyna meýilleşdirilýär
03.07.2025 18:15
8k+
ABŞ-da Klublaýyn dünýä çempionatynda 2 million bilet satyldy, oýunlara ortaça 35 müň tomaşaçy barýar
Klublaýyn dünýä çempionatynyň oýunlaryna satylan biletleriň umumy sany 2 milliona ýetdi. Ýaryşyň her oýnuna ortaça 35 müň tomaşaçy gelýär. Bu barada žurnalist Kawe Solekol habar berdi. Ýaryşyň iň köp tomaşaçy ýygnan oýny toparlaýyn tapgyrda «Pari Sen-Žermen» bilen «Atletikonyň» (4:0) arasyndaky duşuşyk boldy — bu oýna 80 819 adam tomaşa etdi
03.07.2025 18:04
6k+
“Barselona” Fati bilen täze şertnama baglaşyp, ony “Monako” kärendesine berdi
Ansu Fati “Barselona” bilen şertnamasyny 2028-nji ýylyň tomsuna çenli uzaltdy. Bu barada katalon klubunyň resmi saýtynda habar berilýär. Täze şertnama gol çekilenden soň, 22 ýaşly hüjümçi “Monako” kärendesine berildi
03.07.2025 17:58
16k+
Italiýaly awtomehanik dünýäde iň insiz awtomobili döretdi
Italiýaly mehanik Andrea Marassi dünýäde iň insiz işleýän awtomobili döretdi. Ol 1993-nji ýylyň Fiat Panda modelini esas hökmünde ulandy. Ulag üýtgedilenden soň, onuň ini ýarym metrden az boldy. Daşky görnüşi boýunça awtomobil adaty hetçbege däl-de, has dogrusy, karikatura meňzeýär
03.07.2025 17:54
14k+
“Liwerpulyň” 28 ýaşly oýunçysy Diogu Žota ýol-ulag hadysasy netijesinde aradan çykdy
Angliýanyň “Liwerpul” futbol klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Diogu Žota ulag heläkçiliginiň netijesinde aradan çykdy. Futbolçy 28 ýaşyndady diýip, Marca neşiri habar berýär. Onuň bilen bilelikde heläkçilikde onuň 26 ýaşly jigisi Andre hem ýogaldy
03.07.2025 14:59
5.3k+
Dubaýa aerotaksi hyzmatyny ýola goýmak üçin ilkinji köpçülikleýin Joby elektrik uçary gowşuryldy
Joby Aviation kompaniýasy Dubaýa özüniň ilkinji köpçülikleýin dik uçuş we gonuş elektrik uçaryny (eVTOL) iberdi. Aerotaksiniň täjirçilik hyzmaty 2026-njy ýylyň başyna meýilleşdirilýär. Häzir kompaniýa birnäçe uçuş synaglaryny tamamlap, logistikany işlemäge girişdi
03.07.2025 14:58
2.6k+
Sukerberg Meta-da “super aňy” işläp düzmek üçin täze bölümçe döretdi
Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg indiki nesliň emeli aňyny ösdürmek bilen meşgullanjak täze bölümçäniň – Meta Superintelligence Labs-yň (MSL) döredilendigini habar berdi. Bu bölümçä Scale AI-iň öňki ýolbaşçysy Aleksandr Wan we GitHub-yň öňki ýolbaşçysy Net Fridman ýolbaşçylyk eder
03.07.2025 14:56
3.5k+
Bilermenler smartfonlar üçin iň gowy emeli aňy deňeşdirip saýladylar
Mrwhosetheboss YouTube kanaly smartfonlar üçin meşhur emeli aň çat-botlaryny deňeşdirdi: ChatGPT, Google Gemini (2.5 Pro), Perplexity Pro we Grok 3. Synagyň maksady dürli ýagdaýlarda haýsysynyň has täsirli işleýändigini anyklamakdy
03.07.2025 14:54
2k+
Xiaomi-niň HyperOS 3 operasion ulgamy Apple-yň Liquid Glass stilinde çykarylar
Xiaomi özüniň operasion ulgamynyň uly täzelenmesini – HyperOS 3-i taýýarlaýar. Täzelenmäniň Xiaomi 16 smartfonlar hatary bilen bilelikde 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda hödürlenmegine garaşylýar. Weibo platformasyndaky Digital Chat Station atly insaýder tarapyndan paýlaşylan maglumatlara görä, HyperOS 3-üň esasy aýratynlyklaryndan biri Liquid Glass stilindäki täze dizaýn bolar
03.07.2025 14:47
4.3k+
Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we ýurduň ähli halkyna Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany gutlag hatynda döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem halklarymyzyň bähbidine pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi
03.07.2025 14:39
2.2k+
Windows ulanyjylarynyň sany üç ýylda 400 million azaldy
Microsoft korporasiýasy golaýda Windows ulgamynyň 1 milliarddan gowrak işjeň enjamda işleýändigini habar berdi diýip, «Forbes» ýazýar. Emma kompaniýanyň 2022-nji ýyl boýunça ýyllyk hasabatyna görä, bu görkeziji öň 1,4 milliarddan geçýärdi
03.07.2025 14:36
6.2k+
ABŞ-da “tirannozawrlaryň” ýyllyk ýaryşy geçirildi
Waşington amerikan ştatynda tirannozawrlaryň ýel berilýän eşiklerini geýen adamlaryň arasynda ylgaw boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Bu barada CBS News habar berýär. Çäre Emerald Downs aýlawynda geçirildi. Oňa 300-den gowrak adam gatnaşdy
03.07.2025 14:31
5.8k+
Toyota kompaniýasy Prius modeliniň ýörite görnüşini çykardy
Toyota kompaniýasy Night Shade (“Gijeki kölege”) ady bilen Prius gibridiniň ýörite görnüşini çykardy. Awtomobil bamperlerinde gara goşundylara, gara gapy tutarlaryna, alýumin disklere we garaldylan nyşanlara eýe boldy
03.07.2025 14:26
8.2k+
Lotereýadaky tehniki näsazlyk sebäpli müňlerçe norwegiýaly “millioner” boldy
Eurojackpot ulgamyndaky tehniki näsazlyk sebäpli Norwegiýanyň onlarça müň ýaşaýjysy millioner bolandyryn öýdüp, emosional tolgunmany başdan geçirdi. Olar Norsk Tipping programmasynda hakyky utuşdan birnäçe müň esse ýokary bolan utuşy gördi
03.07.2025 14:24
10k+
Belgiýada 10 500 ýyl mundan ozal ýaşan aýalyň ýüz keşbi gaýtadan dikeldildi
Gent uniwersitetiniň alymlary hudožnikler bilen bilelikde häzirki Belgiýanyň çäginde, takmynan, 10 500 ýyl mundan ozal – mezolit eýýamynda ýaşan aýalyň ýüz keşbini gaýtadan dikeltdi. Onuň galyndylary 35 ýyldan gowrak wagt ozal Dinantyň golaýyndaky Margo gowagynda tapyldy
03.07.2025 14:22
2.9k+
BSGG ýalňyzlygy saglyk we jemgyýet üçin global howp diýip ykrar etdi
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sosial aragatnaşyk boýunça komissiýasy ýalňyzlygyň we sosial üzňeligiň ýaýrawy barada hasabat hödürledi. Hünärmenleriň hasaby boýunça, her altynjy adam diýen ýaly ýiti ýalňyzlyk duýgusyny başdan geçirýär, bu gönüden-göni saglygyň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşyklydyr
03.07.2025 11:18
14k+
Britaniýanyň patyşa maşgalasy ýokary çykdajylar sebäpli öz otlusyny ulanmagyny bes eder
Britaniýanyň patyşa maşgalasy 2027-nji ýyla çenli dokuz wagondan ybarat patyşalyk otlusyndan ýüz öwürmegi meýilleşdirýär diýip, Sky News habar berýär. Munuň sebäbi tehniki hyzmat üçin şertnamanyň möhletiniň tamamlanmagy we otlyny saklamak üçin çykdajylaryň ýokary bolmagy boldy
«
1
…
243
244
245
…
1118
»
«
1
…
240
241
242
243
244
245
246
247
248
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.