Mundo Deportivo: "Barselona" transfer maksatlaryny kesgitledi: gysga sanawda — Keýn, Holland we Alwares
"Barselona" tomusky transfer penjiresi üçin ileri tutulýan oýunçylaryň sanawyny düzdi diýip, Mundo Deportivo habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, toparyň baş tälimçisi Hans-Diter Flik sport direktory Deku we sport komitetiniň beýleki agzalary bilen bilelikde güýçlendirmek üçin esasy pozisiýalary – çep aýakly merkezi goragçyny, wingeri (ganat hüjümçini) we merkezi hüjümçini kesgitlediler