«Formula-1» 2026-njy ýyl üçin sürüjileriň doly sanawyny hödürledi, «Cadillac» ilkinji gezek gatnaşar

04.12.2025, 18:512,443

2026-njy ýyl möwsümi üçin «Formula-1-iň» toparlarynyň ählisiniň doly düzümi kesgitlendi. Geljekki çempionatda 11 topar, şol sanda täze gatnaşyjy – «Cadillac» çykyş eder.

Toparlaryň düzümi 2-nji dekabrda «Red Bull» indiki möwsümde Maks Werstappeniň ýoldaşynyň Isak Hajar boljakdygyny tassyklandan soň yglan edildi. Şeýle-de, täze möwsümde «Racing Bulls» üçin Liam Louson bilen Arwid Lindbladyň çykyş etjekdigi belli boldy.
Täze topar «Cadillac-a» bolsa tanymal sürüjiler Serhio Peres bilen Waltteri Bottas wekilçilik eder.
2026-njy ýyl üçin «Formula-1-iň» toparlarynyň doly düzümi şeýle görnüşde:

  • ·«McLaren»: Oskar Piastri, Lando Norris
  • ·«Mercedes»: Jorj Rassell, Andrea Kimi Antonelli
  • ·«Red Bull»: Maks Werstappen, Isak Hajar
  • ·«Ferrari»: Şarl Lekler, Lýuis Hemilton
  • ·«Williams»: Aleks Albon, Karlos Saýns
  • ·«Racing Bulls»: Liam Louson, Arwis Lindblad
  • ·«Aston Martin»: Fernando Alonso, Lens Stroll
  • ·«Audi»: Niko Hýulkenberg, Gabriel Bortoleto
  • ·«Haas»: Esteban Okon, Oliwer Berman
  • ·«Alpine»: Pýer Gasli, Franko Kolapinto
  • ·«Cadillac»: Serhio Peres, Waltteri Bottas
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.