Meşhur SS United States amerikan laýnerini dünýäde iň uly emeli rife öwürmek üçin Floridanyň kenarýakasynda suw düýbüne batyrmak meýilleşdirilýär diýip, «Associated Press» habar berýär.
Gämini çümdürmek işini 12-nji noýabrda Meksika aýlagynda, Destin şäherinden, takmynan, 41 km günorta-günbatarda geçirmek göz öňünde tutulýar. Möhlet howa şertlerine baglylykda üýtgäp biler.
Gäminiň uzynlygy, takmynan, 300 metre ýetýär. 1952-nji ýylda özüniň ilkinji transatlantik gatnawynda SS United States Atlantika ummanyny geçmegiň tizligi boýunça rekord goýdy we ol häzirem täzelenmän galýar. Ulanylan döwründe laýner prezidentleri, meşhur şahsyýetleri we beýleki belli ýolagçylary gatnatdy.

Onlarça ýyllap hereketsiz durandan we gämini saklap galmak boýunça şowsuz synanyşyklardan soň, ony 2024-nji ýylda Floridadaky Okalusa okrugy satyn aldy. 2025-nji ýylyň mart aýyndan bäri laýner özüniň çümdürilmegine garaşyp, Alabama ştatynyň Mobil şäherinde dur. Deňiz düýbüne batyrylmazyndan öň, hünärmenler gäminiň daşky gurşawa zyýan ýetirip biljek materiallaryny aýyrdy.
Geljekde gäminiň gabarasy balyklar we beýleki deňiz organizmleri üçin ýaşaýyş gurşawyna öwrüler. Şeýle hem häkimiýetler ol ýere guwwaslary we syýahatçylary çekmegi göz öňünde tutýarlar, bu bolsa ýerli telekeçilige goşmaça girdeji getirer diýlip garaşylýar.
Gäminiň käbir elementleri, şol sanda tüsse turbalary SS United States-iň taryhyna bagyşlanan geljekki muzeý üçin saklanyp galnar.