800 kg agramly äpet kitap Ginnese girdi: Sahypasyny agdarmaga 10 adam gerek

Düýn, 18:096,592
1 / 3

Los-Anjelesiň Merkezi jemgyýetçilik kitaphanasynda «Luceros y Penumbras» («Ýyldyz-laryň nury we kölegeler») atly äpet kitap tanyşdyryldy. Agramy, takmynan, 800 kilogram bolan bu eser Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň uly göwrümli kitaby hökmünde ykrar edildi.

Ol suratkeş we çaphana grafikasy boýunça hünärmen Daniel Gonzales tarapyndan kitaphananyň 100 ýyllygy mynasybetli döredildi.

Kitapdaky kagyzdan ýasalan göwrümli şekilleriň beýikligi 3,35 metre ýetýär. Ölçegi 4,7×6,1 metre deň bolan daşky sahaby açylanda, giňligi, takmynan, dokuz metre ýetýän reňkli şekilli kompozisiýa öwrülýär. Onda gök asman, binalar, ösümlik nagyşlary, adamlar we haýwanlar şekillendirilen.

Suratkeş eseri döredende öz durmuşyndan, Los-Anjeles şäherinden we onuň jemgyýetçilik kitaphanalary ulgamyndan ylham alypdyr.

Özboluşly ululygyna garamazdan, kitap adaty kagyzdan, ýelimden we matadan ýasalypdyr. Onuň üstünde 35 adam işläpdir. Eseri kitaphana eltmek üçin ony aýry-aýry böleklere bölüp daşamaly bolupdyr, sebäbi kitaby bütinligine gapylardan geçirmek mümkin bolmandyr.

Kitabyň sahypalaryny agdarmak hem aňsat iş däl. Munuň üçin ýörite uzyn taýaklardan peýdalanýan on adamdan ybarat topar gerek bolýar.

Äpet kitap Merkezi kitaphananyň tegelek zalynda ýerleşdirildi we ony bir ýylyň dowamynda tölegsiz görüp bolýar.