Rotterdam şäheriniň kitaphanasy 1609-njy ýylda neşir edilen Erazm Rotterdamlynyň «La civilité puerile» («Çagalar üçin edep-ekram düzgünleri») atly seýrek kitabyny öz ýygyndysyna goşdy. Takmynan, dört asyr bäri ýiten diýlip hasaplanan bu kitabyň tapylandygy hakynda Niderlandlaryň Rijnmond teleýaýlymy habar berdi.
Niderland pelsepeçisi, akyldary, ýazyjy, terjimeçi we pedagog Erazm Rotterdamly Galkynyş eýýamynyň iň görnükli wekilleriniň biri hasaplanýar. Oňa öz döwründe «Ynsanperwerleriň şazadasy» diýlip at berilipdir.

Ýitirilen kitaby ýazyjynyň eserleri bilen öňden tanyş amerikaly antikwar tapypdyr hem-de ony kitaphana sowgat beripdir. Kitaphananyň ýygyndynyň abatlygyna jogap berýän işgäri Jon Toleniň aýtmagyna görä, bu neşiriň dünýäde saklanyp galan ýeke-täk nusgasydyr. Asyl neşiriň bolsa öz döwründe diňe müň nusgada çap edilen bolmagy ähtimal.
Bu kitap Erazmyň 1530-njy ýylda çap edilen latyn dilindäki gollanmasynyň fransuz dilinde täzeden işlenen görnüşidir. Awtor onda çagalara saçak başynda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini, şahsy arassaçylygyň esaslaryny düşündirýär we ahlak terbiýesi boýunça maslahatlary berýär. Olaryň arasynda nahardan öň eliňi ýuwmak, wagtly-wagtynda dyrnaklaryňy almak we kimdir biri asgyranda, oňa saglyk arzuw etmek ýaly ündewler bar.
Kitapdaky öwüt-nesihatlar degişme äheňinde ýazylypdyr. Mysal üçin, Erazm burnuň bilen surnaýyň sesine meňzeş sesleri çykarmaly däldigini, beýle hereketiň surnaýçylara we pillere gelişýändigini aýdýar.

Şeýle gollanmalar gündelik durmuşda ýygy-ýygydan ulanylandygy sebäpli, olar kitaphanalaryň ýygyndylarynyň arasynda seýrek saklanyp galypdyr. Şonuň üçin kitaphananyň işgäri bu tapyndyny şäheriň taryhy mirasy üçin möhüm waka diýip atlandyrdy.
Rotterdam şäheriniň kitaphanasynda Erazmyň eserleriniň dünýäde iň uly ýygyndysy saklanýar. Onda 1900-nji ýyla çenli neşir edilen üç müňden gowrak çap eseri, soňraky döwürlere degişli ýene üç müňe golaý kitap, şeýle hem makalalar we medallar bar.
Tapylan gymmatly kitap 24-nji oktýabrda köpçülige tanyşdyryldy.