Gizlin saklanýan taslama: Nobel baýragynyň eýesi Tim Býorton üçin ssenariý ýazýar

Düýn, 11:071,710

Režissýor Tim Býorton edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi, britaniýaly ýazyjy Kazuo Isiguronyň özboluşly ssenarisi esasynda täze film döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada Deadline neşiri çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Filmiň häzirlikçe ady ýok, sýužeti baradaky maglumatlar bolsa ýaşyryn saklanýar. Neşiriň maglumatlaryna görä, wakalar uruşdan soňky Ýaponiýa degişli bolup biler. Täze filmiň edebi esasy Isiguronyň çap edilen ýa-da ýazylmagy meýilleşdirilýän romanlarynyň hiç biri däldir.

Taslamanyň heniz distribýutory (filmi ýaýratmak bilen meşgullanýan kompaniýa) ýok. Şonuň üçin surata düşüriljek wagty we aktýorlary saýlamak işleri barada häzirlikçe anyk bir zat aýdyp bolanok. Neşiriň bellemegine görä, Býorton häzirki wagtda ýazyjy bilen bilelikde işlemek meselesine aýratyn üns berýär. Şol bir wagtda onuň bu taslamadan öň başga bir filmi surata düşüräýmegi-de ähtimal.

Kazuo Isiguro «Günüň galyndylary», «Meni hiç haçan goýberme» we «Klara we Gün» romanlary bilen giňden tanalýar. Ol kino pudagy bilen hem işleşip, baş keşbi Bill Naýiniň ýerine ýetiren «Ömür» filminiň ssenarisini ýazdy.