«Betmen 2-niň» režissýory Mett Riwz maşgala ýagdaýlary bilen bagly meseleleri çözýänçä işden çekilmeli bolýar. Oňa derek filmiň esasy surata düşüriliş işlerini tamamlamaga Stiwen Soderberg kömek eder. Şol bir wagtda Riwz hem taslamadan el üzmeýär we filmiň üstündäki işlere gatnaşmagyny dowam etdirer.
«Deadline» neşiriniň habar bermegine görä, filmiň düşüriliş işleriniň tamamlanmagyna ýene birnäçe hepde galýar. Kömek etmäge Soderbergiň özi döwtalap bolýar.
«Mett Riwziň “Betmen” filminiň üstünde alyp barýan işini ajaýyp hasaplaýaryn. Ol oýlanyşykly, takyk we bitewi eser döretdi. Biziň maksadymyz Mett we onuň topary bilen bilelikde öň düşürilen sahnalara sazlaşykly utgaşjak materialy taýýarlamakdan ybarat. Şeýlelikde, Mett öz filmini doly tamamlap biler» diýip, Soderberg gürrüň berýär.
DC Studios-yň bellemegine görä, režissýorlaryň ikisi-de aktýorlar we surata düşüriş topary bilen bilelikde işlär. Riwz işe dolanyp gelenden soň, filmiň önümçilikden soňky tapgyryna, ýagny montaž we beýleki jemleýji işlerine özi ýolbaşçylyk eder.
«Men “Betmen 2” taslamasyndan doly gidemok. Şu kyn döwürde kömege ýetişeni üçin Stiwene tüýs ýürekden minnetdar» diýip, Riwz sosial ulgamlarda ýazdy.
Filmiň düşürilişi Londonda alnyp barylýardy, emma oktýabr aýynyň başynda Riwziň maşgala ýagdaýlary sebäpli işler duýdansyz togtadyldy.
Betmeniň keşbini ýene-de Robert Pattinson janlandyrar. Endi Serkis – Alfrediň, Kolin Farrell bolsa Pingwiniň keşbine dolanar. Filmdäki beýleki keşpleri Skarlett Ýohansson, Sebastýan Sten, Braýan Taýri Henri we beýleki aktýorlar janlandyrar.
«Betmen 2» filminiň ilkinji görkezilişi 2028-nji ýylyň 18-nji fewralyna bellenilipdi. Işleriniň wagtlaýyn togtadylmagynyň filmiň görkeziliş senesine täsir etjegi-etmejegi häzirlikçe belli däl.
Ýatladyp geçsek, Riwziň birinji «Betmeni» 2022-nji ýylda çykyp, dünýä prokatynda 772,8 million dollar gazanypdy.