Antonio Banderas Meksikany basyp alan konkistador Ernan Kortesiň roluny ýerine ýetirer

Düýn, 19:061,764
1 / 2

Antonio Banderas Meksikany basyp alan ady belli ispan konkistador Ernan Kortesiň keşbini janlandyrmaga taýýarlanýar. «Kortes» atly taryhy filmiň düşürilip başlanandygy barada «Deadline» neşiri habar berýär.

Ernan Kortes — hakyky taryhy şahsyýet. Onuň ýolbaşçylygynda ispan kolonizatorlary astekler döwletini ýok etdi we Tenoçtitlan şäherini basyp aldy, soňlugy bilen onuň ýerinde Mehiko şäheri guruldy.

Filmdäki wakalar 1519-njy ýylda Kubada başlanýar. Şol wagt gujurly esger bolan Kortes Ýukatana barýan ekspedisiýanyň ýolbaşçylygyny öz eline alýar we häzirki Meksikanyň kenarlaryna tarap ugraýar. Ol ýerde birnäçe dili bilýän, gyrnak alnan Marina atly gyza sataşýar. Zenan onuň üçin tapylgysyz ýolbelede öwrülip, konkistadoryň ýekirilen yzgytsyz adamdan özüni mesih diýip hasaplaýan tekepbire öwrülişini synlaýar.

Filmiň režissýory Pol Minýo bolup, bu taslama onuň üçin iňlis dilindäki ilkinji iş bolar. Ssenarini Nikolas Kazan ýazdy.

Filmi düşürmek işleri eýýäm Parižde başlandy, şondan soň Ispaniýa geçer. Önümçilik bilen Utopai Studios we Ex Machina Studios studiýalary meşgullanýar.

«Nikolas ajaýyp ssenariý ýazdy, Poluň aýdyň kinematografik garaýşy bar, Antonio bularyň ählisiniň merkezinde zerur bolan adamkärçiligi goşýar. Biz olara edil öz öňde goýan maksatlaryna görä film düşürmäge mümkinçilik bermek isleýäris» – diýip, Utopai Studios kompaniýasynyň baş direktory Sesiliýa Şen belledi.