Microsoft suratkeş Mikelanjelonyň elýazmasy esasynda täze şrift döretdi

Şu gün, 12:00507
1 / 3

Microsoft kompaniýasy beýik suratkeş we heýkeltaraş Mikelanjelonyň golýazmalarynyň esasynda döredilen «Michelangelus» şriftini çykardy. Bu barada kompaniýa özüniň resmi saýtynda habar berdi.

Şrift Watikandaky Keramatly Pýotr ybadathanasyny gorap saklamaga jogap berýän Fabbrica di San Pietro guramasynyň sargydy boýunça Studiogusto studiýasy tarapyndan işlenip taýýarlandy.

Taslama ybadathananyň keramatlaşdyrylmagynyň 400 ýyllygyna bagyşlandy. Dizaýnerler suratkeşiň hatyny gönüden-göni göçürmän, umumy stili saklap, harp şekillerine mahsus proporsiýalary, ritmi we şekilleri häzirki zaman tekst ýygymyna görä sazlady.

Şrifti döretmek üçin olar Watikanyň Apostol arhiwinde saklanýan Mikelanjelonyň şahsy hatlaryny we belliklerini öwrendi. Bu iş suratkeşiň döwründe giňden ýaýran kursiw ýazgydan başlandy. Topar ýekeje setir «g» harpyny işlemek üçin bir hepde wagt sarp etdi.

Baş harplary döretmekde dizaýnerler Mikelanjelonyň binagärlik obýektlerindäki we eserlerindäki, şol sanda «Pieta» heýkelindäki ýazgylary öwrendi.

«Michelangelus» şrifti 2000-den gowrak belgini we dört hili ýazgy şekilini öz içine alýar: adaty, kursiw, ýarym gara we ýarym gara kursiw.

Şrift eýýäm ýükläp almak üçin elýeterlidir. Ol Microsoft 365 goşundylaryna, şol sanda Word, PowerPoint we Excel programmalaryna ýylyň ahyryna çenli goşular.