36 ýyllap doňduryjyda saklanan çörek Berlinde sergä çykaryldy

Şu gün, 08:595,129
1 / 2

36 ýyllap doňduryjyda saklanan çowdary-bugdaý çöregi Berlindäki Deutschlandmuseum muzeýinde sergä çykaryldy. "GDR-iň soňky çöregi" ady bilen goýlan bu eksponat Germaniýa bagyşlanan hemişelik serginiň bir bölegine öwrüldi diýip, Deutsche Welle habar berýär.

1990-njy ýylyň 26-njy iýunynda Gündogar Berlinde aýaly we kiçijik gyzy bilen ýaşaýan talyp Mihael Hagedorn bir buhanka çöregiň ýerine ikisini satyn alypdyr. Maşgala azyk ýetmezçiliginden we uzyn nobatlaryň ýüze çykmagyndan ätiýaç edip alan ikinji çöregini doňduryjda saklamagy makul bilipdir. GFR bilen GDR-iň arasyndaky Pul, ykdysady we sosial birleşik baradaky şertnamanyň güýje girmegine bäş gün galypdy. Öňde boljak üýtgeşmeleri göz öňünde tutup, maşgala bahalaryň ýokarlanmagyndan we azyk bilen bagly bökdençlikleriň ýüze çykmagyndan howatyrlanýardy.

Emma alnan ätiýaçlyklara zerurlyk ýüze çykmady. Çörek 1990-njy ýyllarda-da, müňýyllyklaryň sepgidinde-de, hatda maşgala birnäçe gezek göçende-de saklanyp galdy. Wagtyň geçmegi bilen çörek şeýle bir üýtgeşik zada öwrüldi welin, Hagedornlar ony zyňmaly däl diýen karara geldiler.

«Bu çörek muzeýiň üýtgeşik eksponaty, çünki ony hiç kim ýöriteläp şeýle etmedi. Ol uly syýasat barada däl-de, aňyrsy görünmeýän näbellilik döwründe gelnen adaty bir karar barada gürrüň berýär. Hut şunuň ýaly gündelik wakalar hem ägirt uly taryhy üýtgeşmeleri göz öňüne getirmäge kömek edýär» diýip, muzeýiň direktory Robert Rýukkel gürrüň berýär.

Aradan otuz alty ýyl geçensoň, Mihael Hagedorn çöregi muzeýe sowgat berdi. Çörek doňdurylan görnüşde saklanar ýaly ýörite doňduryjy ýasaldy. Ol şu görnüşde hem muzeýiň myhmanlaryna görkezilýär.