Frida Kalonyň parahatçylyk hakdaky dawaly eseri auksiondan aýryldy

Şu gün, 18:10467

Christie’s auksion öýi Meksikanyň häkimiýetleriniň haýyşy bilen meşhur suratkeş Frida Kalonyň «Parahatçylyk ugrunda halklaryň kongresi» (Congress of Peoples for Peace) atly eserini satuwdan aýyrdy. Bu barada Associated Press agentligi habar berýär.

1952-nji ýylda çekilen, ölçegi 18×24 santimetr bolan eseriň başlangyç bahasy 2,5–3,5 mln dollar aralygynda kesgitlenipdi. Christie’s eseriň geljekde gaýtadan auksiona çykarylmagyna garaşýandygyny mälim etdi.

Meksikanyň Şekillendiriş sungaty we edebiýat instituty (INBAL) eseriň gelip çykyşyny tassyklaýan resminamalary talap edip, auksionyň wagtlaýyn yza süýşürilmegini haýyş etdi. Muňa eseriň nähili ýagdaýda ýurduň çäginden çykarylandygy bilen bagly soraglar sebäp boldy.

«Gelman kolleksiýasyny goralyň» atly meksikan jemgyýetçilik toparynyň tassyklamagyna görä, bu eser Diego Riweranyň Casa Azul muzeýiniň gaznasy üçin taýýarlan, notarius tarapyndan tassyklanan sanawynda görkezilipdir. Sanawa laýyklykda, bu kolleksiýadaky eserleriň muzeýden daşyna çykarylmagy gadagan edilýär.

Emma INBAL-yň öňki maglumatlaryna görä, Frida Kalo 1952-nji ýylyň oktýabrynda bu eseri Parahatçylyk kongresine sowgat beripdir. Soňra eser 1984-nji ýyla çenli Meksikanyň çäginden çykarylypdyr. Hut şol ýyl hem suratkeşiň eserlerine milli çeperçilik ýadygärlikleri derejesi berlip, olary ýurtdan çykarmak gadagan edilipdir.

Häzirki wagtda institut degişli kanuna salgylanyp, bu ýagdaý boýunça derňewiň geçirilýändigini habar berdi.

Esasy bellemeli zat, Frida Kalonyň bu eseri 2020-nji ýylda hem Sotheby’s-iň auksionynda satuwa çykarylypdy. Ýöne, näme üçindir, şol wagt onuň satylmagyna garşy hiç hili nägilelik bildirilmedi.