«Ýyldyz söweşleriniň» («Star Wars») taryhyndaky iň belli artefaktlaryň biri öz bahasy boýunça absolýut rekord goýdy. Nusgawy trilogiýanyň birbada iki filminiň surata düşürilişinde ulanylan Dart Weýderiň asyl nusgadaky şöhle gylyjy auksionda 4,875 million dollara satyldy.
Söwdalar 2026-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Dallas şäherinde geçirildi.
Auksionda satylan şöhle gylyjy «Ýyldyz söweşleri: 5-nji bölüm — Imperiýa jogap urgusyny berýär» (1980) we «Ýyldyz söweşleri: 6-njy bölüm — Jedaýyň gaýdyp gelmegi» (1983) filmlerinde ulanyldy. Weýder Bulutly şäherdäki meşhur duelde Lýuk Skaýwokere garşy hut şu gylyç bilen söweşipdi, şol söweş bolsa kino taryhyndaky iň belli sýužet öwrümleriniň biri bilen tamamlandy. Şonda Tümlügiň hökümdary tomaşaçylaryň baş gahryman baradaky düşünjesini hemişelik üýtgeden «Ýok, men seniň kakaň» sözlerini aýdypdy.

Soňra bu ýarag «Jedaýyň gaýdyp gelmegi» filminde Imperatoryň tagt zalynda Weýder bilen Lýukuň arasyndaky jemleýji çaknyşykda hem peýda boldy. Rekwiziti kostýumda Weýderiň roluny ýerine ýetiren Dewid Prouz hem-de gylyçlaşýan kaskadýor Bob Anderson ulanypdy.
Söwdalaryň guramaçysy hökmünde Heritage Auctions auksion öýi çykyş etdi. Ilkibaşda hünärmenler bu lotdan bir million dollardan gowrak girdejä garaşypdyr, ýöne jemleýji baha, takmynan, bäş esse ýokary boldy. Bu satuw «Ýyldyz söweşleri» älemine degişli zatlar, şeýle hem franşizanyň ekran rekwizitleri üçin täze dünýä rekordyny goýdy.
Ýatlap geçsek, mundan öňki rekord Lýuk Skaýwokeriň şöhle gylyjyna hem-de «Imperiýa jogap urgusyny berýär» filmindäki onuň kesilen eliniň ýasalan nusgasyna degişlidi: iýul aýynda bu toplum 3,75 million dollara satyldy.