Floridada tupandan soň suw basan köçelerde krokodiller peýda boldy

Şu gün, 12:468,216
1 / 8

ABŞ-nyň Florida ştatynda güýçli tupan we dowamly çabgalardan soň krokodiller ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda görnüp başlady. Ýerli ýaşaýjylar suw basan köçelerde ýüzüp ýören süýrenijileriň wideolaryny sosial torlarda paýlaşýarlar.

Krokodilleriň birini adaty bolmadyk usul bilen tutmak başartdy. Ilki haýwanyň üstüne ýorgan ýapdylar, soňra hünärmenler ony torlaryň kömegi bilen tutup, hereketsiz ýagdaýa getirdiler.

Ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşýän etraplarynda krokodilleriň peýda bolmagyna ştatyň gündogar kenarýakasynda bolup geçen giň gerimli suw joşmasy sebäp boldy. «Fox Weather» neşiriniň maglumatyna görä, üç günüň dowamynda Malabar şäherinde, takmynan, 73,5 sm, Palm-Beý şäherinde bolsa 71,4 sm ygal düşdi.

Tebigy hadysanyň netijesinde ýollary we ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşýän ýerlerini suw basdy, üstesine-de, suw geçiriji ulgamlara zeper ýetdi. Ştatyň dört etrabynyň mekdeplerinde okuw ýatyryldy.

Kommunal hyzmatlar suw akabalaryny arassalap, ýol infrastrukturasyny dikeldýärler. Emma suwuň derejesiniň ýokary bolmagy zeper ýeten ýerlere ýörite tehnikalaryň barmagyny kynlaşdyrýar. Tupan zerarly iki adam heläk boldy.