4-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurtda giňden bellenilýän Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp amala aşyrylýan möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Şeýle dabaralaryň biri Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy boldy diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Döwlet Baştutany ýörite gurnalan mejlisler zalynda eden çykyşynda şu gün Demirgazyk – Günorta ugry boýunça amatly ulag geçelgesi hasaplanýan Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berilýändigini aýdyp, ýurduň demirgazyk künjegini Aşgabat şäheri bilen birleşdirýän Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň gurulmagynyň ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmäge, gatnawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berjekdigini, şeýle hem goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrjakdygyny nygtady.

Aşgabat – Daşoguz täze awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 546 kilometre barabar. Ýoluň gurluşygy dört tapgyra bölünip, ýokary ykdysady-tehniki görkezijiler esasynda amala aşyrylýar:
1-nji bölek (0 – 9-njy km): Ýer düşeginiň ini 65 metr bolup, 8 hereket zolagyny, ikitaraplaýyn pyýada ýollaryny, gök zolaklary we ýanýollaryny öz içine alýar.
Beýleki aralyklar: 9 – 48-nji hem-de 527 – 546-njy kilometr aralyklarynda ýer düşeginiň ini 34 metr (6 hereket zolagy), 48 – 527-nji kilometr aralygynda bolsa 26,5 metr (4 zolak) bolar.

Taslamanyň çäginde Naýzalydepiz oýtumynda uzynlygy 812 metr, ini 25 metr bolan 2 gatnawly awtomobil köprüsi gurlup, öň bar bolan 9 sany köpriniň durky täzelener. Şeýle hem ýoluň ugrunda 136 sany awtobus duralgasy, 13 awtoduralga meýdançasy, 7 sany polisiýanyň ýol gözegçilik nokady gurlar we döwrebap wideogözegçilik hem-de tizlik ölçeýji ulgamlary ornaşdyrylar.

Serdar Berdimuhamedow ýaş nesliň wekiliniň haýyşy boýunça täze awtomobil ýolunyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujygy hem-de ilkinji beton garyndysyny ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda gurluşyk meýdançasynyň binýadyna atdy we bu başlangyja ak pata berdi.