Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde 10 aýda ýerine ýetirilen işleriň netijesine seredildi

Şu gün, 21:223,006

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow şu gün, 3-nji noýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar–oktýabr aýlarynda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewiň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlarynda degişli düzümleri ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzyň goranyş ukybyny berkitmek, döwlet serhediniň goraglylygyny üpjün etmek, milli bähbitleri goramak, jemgyýetçilik we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barlan işler barada maglumat berildi.

Mejlisiň barşynda kazyýet we hukuk ulgamlaryny, gümrük we migrasiýa gulluklaryny kämilleşdirmek, olaryň işine döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselelerine garaldy.

Harby gullukçylaryň, şol sanda serhetçileriň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini döwrebaplaşdyrmak we harby gullukçylaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň jemini jemläp, Serdar Berdimuhamedow goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, ýurduň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini üpjün etmek, goranyş ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işler mundan beýläk-de dowam etdiriler.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki birnäçe meselelere hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.