Mao Szedun hakdaky degişmeden soň hytaý brendleri Mbappe bilen şertnamalaryny ýatyrdy

Şu gün, 08:283,978
1 / 2

Madridiň «Real» klubunyň hüjümçisi we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň kapitany Kilian Mbappe Mao Szedunyň şekili ýerleşdirilen internet memi baradaky aýdan sözleri sebäpli ýüze çykan dawa-jenjelden soň hytaýly janköýerlerden ötünç sorady.

«The Guardian» we «BBC» neşirleriniň habar bermegine görä, jemgyýetçilikde dörän nägileligiň netijesinde Hytaýyň iki sany iri brendi futbolçy bilen hyzmatdaşlygyny bes etdi. Ýurtda iň uly döwlet teleýaýlymlarynyň biri bolan CCTV Ispaniýanyň çempionatynyň (La Liganyň) oýunlarynyň ýaýlyma berilmegini wagtlaýyn togtatdy.

Dawa futbolçynyň fransuz dilindäki «The Bridge» podkastyna beren interwýusyndan soň başlandy. Mbappeden ony diktatoryň keşbinde görkezýän internet memleri barada soraldy. Futbolçy öz ýüzüniň «bir adamyň» suratyna ýerleşdirilen şekilini has gowy görýändigini aýtdy.

«Ol hytaý diktatorydy öýdýän. Men bu şekili dostlarym bilen ýazyşanymda ýygy-ýygydan ulanýan» diýip, Mbappe gürrüň berdi.

Ol Mao Szedunyň şekili ýerleşdirilen memi göz öňünde tutupdy.

Hytaýda ýurduň öňki ýolbaşçysy barada şeýle degişmeler hormatsyzlygyň alamaty hasaplanýar. Wideo giňden ýaýranyndan soň, içgi öndürýän «Dongpeng» kompaniýasy Mbappe bilen hyzmatdaşlygyny dessine bes edýändigini yglan etdi.

«Kompaniýamyz milli duýgulary kemsidýän islendik hereketi berk ýazgarýar we şeýle hereketlere düýbünden ýol bermezlik ýörelgesine eýerýär» diýlip, kompaniýanyň beýanatynda aýdylýar.

Hytaýyň süýt önümlerini öndürýän iň iri kompaniýasy «Mengniu» hem futbolçy bilen şertnamasyny ýatyrdy. Kompaniýanyň wekilleri hytaý halkynyň duýgularyna degýän islendik sözlere ýa-da hereketlere garşy çykýandyklaryny mälim etdiler.

Bu waka barada Hytaýyň Daşary işler ministrligi hem öz garaýşyny beýan etdi.

«Biz degişli habarlar bilen tanyşdyk. Hytaý halkynyň duýgularyna degýän sözler we hereketler, tebigy ýagdaýda, hytaý jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň nägileligine sebäp bolar» diýlip, ministrligiň beýanatynda bellenilýär.

Şondan soň Mbappe X sosial torunda fransuz, hytaý we iňlis dillerinde beýanat çap edip, oýlanyşyksyz aýdan sözleri üçin ökünýändigini boýun aldy.

«Ýakynda beren interwýumda öz şekilim baradaky sowala jogap berdim. Aýdan sözlerim oýlanyşyksyz boldy. Indi olaryň Hytaýda we dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan hytaý jemgyýetleriniň köpüsine ýaramaz täsir edendigine düşünýärin. Sözlerime göwün eden adamlaryň ählisinden ötünç soraýaryn. Munuň ýaly niýetim asla ýokdy. Men hytaý halkyna we onuň taryhyna çuňňur hormat goýýaryn hem-de bolup geçen waka zerarly tüýs ýürekden ökünýärin» diýip, futbolçy ýazdy.

La Liganyň ýolbaşçylary hem ýüze çykan dawa bilen baglylykda hytaýly janköýerlerden resmi ýagdaýda ötünç sorady.