Braziliýaly 49 ýaşly kerpiç örüji Edimar Roşa Martins TikTok arkaly tanşan zenany bilen duşuşmak üçin 2 müň kilometrden gowrak ýol aşdy. Ýöne Žessika atly fermer zenanyň salgy beren Belu-Orizonti şäherine baranda, ony garşylan adam bolmady. Aslynda, onuň gözläp gelen arzyly zenany hem emeli aňyň kömegi bilen döredilen bolup çykdy.
Edimar 9-njy oktýabrda Maranhao ştatynyň Imperatriz şäherinden Minas-Žeraýs ştatynyň paýtagty Belu-Orizonti şäherine tarap awtobusly ýola çykýar. Beýle uzak ýola çykmagyna onuň TikTok-da tanşyp, gaýybana halan zenany Žessika Fazendeýranyň (terjimesi «Fermer Žessika») ony wideo arkaly öz fermasyna göçüp gelmäge çagyrmagy hem-de onuň aladasyny etjekdigini, hatda oňa ýer bölüp berjekdigini wada bermegi sebäp bolupdy.
Şähere gelenden soň, Edimar söýgülisini gözläp başlaýar. Ol onuň suratlaryny geçip barýan adamlara görkeze-görkeze, ahyrsoňy şeýle zenanyň aslyýetinde ýokdugyna düşünýär.

Edimar ýerli žurnalistlere ejesi aradan çykandan soň özüni ýalňyz duýandygyny, sosial ulgamda tanyş bolan zenanynyň bolsa, göwnüne, täze durmuşa başlamaga mümkinçilik ýaly duýlandygyny gürrüň berdi. Gaýybana söýgülisine eltýän ýola düşmek üçin hemme goş-golamlaryny satyp, ähli puluny diýen ýaly sarp edensoň, onda yzyna gaýdyp barmaga-da harjy galmandyr. Netijede, Belu-Orizonti şäher häkimliginiň degişli gullugy oňa bu ýagdaýdan baş alyp çykmaga kömek etdi.
Wirtual zenanyň keşbini görkezýän hasabyň 300 müňden gowrak yzarlaýjysy bar eken. Hasaby döreden kişi žurnalistlere bu keşbi 2025-nji ýylda hyzmatdaşlyk programmasy arkaly harytlary mahabatlandyrmak üçin döredendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ol Edimar bilen hiç haçan göni aragatnaşyk saklamandyr we neşirleriniň şeýle ýagdaýa getirmegine garaşmandyr. Yzarlaýjylara awtomatlaşdyrylan hasap arkaly jogap berilýändigi üçin, adamlar Žessikanyň hut özi bilen gepleşýändiris diýip pikir edipdirler.

Şol bir wagtyň özünde, Edimar nätanyş adamlara pul geçirmändir we ondan haýsydyr bir hyzmat üçin töleg hem soralmandyr. Şonuň üçin bu waka ilki ynama girip, soňra pul talap edýän adaty galp romantik ýagdaýlardan tapawutlanýar. Polisiýa hem bu waka boýunça resmi arzanyň gelip gowuşmandygyny habar berdi.