Gazagystanyň paýtagtynda emeli aň arkaly döredilen filmleriň Astana AI Film Festival halkara bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Baş baýragy we 450 müň dollary latwiýaly awtor aldy. Gelip gowşan arzalaryň sany boýunça festiwal dünýäde iň uly AI filmleriniň halkara bäsleşigi boldy.
Astanadaky bäsleşik 1 – 3-nji oktýabr aralygynda geçirildi we oňa dünýäniň 125 ýurdundan 8 067 sany arza kabul edildi. Saýlama topary olardan 25 sany jemleýji işi saýlap aldy.
Baş baýragy we 450 müň dollar möçberindäki pul baýragyny «The First Honest Day» filmi üçin latwiýaly awtor Nikola Şestak aldy. Onuň filmi hereketleriň adamyň keşbine nähili täsir edýändigi: ýamanlygyň ony betnyşan, ýagşylygyň bolsa owadan edýändigi barada gürrüň berýär.

Ikinji ýeri we 200 müň dollary Hindistandan Abhik Bannerji «SITARA» filmi bilen eýeledi, üçünji orna we 100 müň dollar baýraga bolsa ispaniýaly režissýor Ernest Desumbila «Looking For Perseida» işi bilen mynasyp boldy.
Şeýle-de bäsleşigiň çäklerinde ýörite baýraklar hem gowşuryldy:
- «Iň gowy personaž» – Gazagystandan Myrzahan Žumahan «It Was Just a Joke» komediýa filmi bilen (it bilen onuň hojaýynynyň doganynyň arasyndaky ýönekeý degişmeden başlanan dawa hakyky urşa ýazyp gidýär);
- «Iň gowy hekaýat» — Hytaýyň 2xLabs studiýasynyň «The Last Span» filmi;
- «Iň gowy wizual dil» — italiýaly Ýakopo Zanettiniň «What's the Job?» işi;
- «Iň gowy režissýorlyk» — italiýaly Ýakopo Realeniň «The Fracture» filmi;
- «Iň gowy konsepsiýa» — amerikaly Zahari Londonyň «Pomegranate» filmi.
Festiwalyň umumy baýrak gaznasy 2 million dollardy, şonuň 1 million dollary Freedom Shapagat korporatiw gaznasy tarapyndan ýeňijileriň pul baýraklary üçin bölünip berildi, ikinji million bolsa geljegi uly EA toparlary üçin maýa goýumlara we Gazagystanda kino önümçiligini ösdürmäge gönükdirildi.
Işlere ÝUNESKO-nyň öňki baş direktory we Fransiýanyň öňki medeniýet ministri Odri Azule, şeýle-de kino pudagynyň hünärmenlerinden, telekeçilerden we maýadarlardan ybarat eminler topary baha berdi. Işler saýlanyp alnanda hünärmenler diňe bir emeli aňyň tehniki mümkinçiliklerine däl-de, eýsem, awtorlyk pikirine we eseriň bitewüligine hem üns berdi.
Finalçylaryň işi MEGA Silk Way söwda toplumyndaky Chaplin kinoteatrynyň uly ekranynda görkezildi, çäräniň maksatnamasyna emeli aňyň kino ýetirýän täsiri baradaky maslahatlaşmalar hem girizildi.