Emeli aňyň kömegi bilen döredilen aýdymlara ilkinji gezek baýraklar gowşuryldy

Şu gün, 18:46651

ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde emeli aňyň kömegi bilen döredilen aýdymlar we olaryň taýýarlanylmagyna gatnaşan adamlar üçin niýetlenen AI Music Awards baýragynyň ilkinji gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Baýragyň esasy ýeňijisi wirtual R&B aýdymçysy Xania Monet boldy. Ol «Ýylyň ýerine ýetirijisi», «Ýylyň aýdymy» we «Ýylyň albomy» ýaly esasy nominasiýalarda ýeňiş gazandy. Aýdymçynyň wirtual keşbini Telişa «Nikki» Jons döretdi. Ol aýdymlaryň sözlerini özi ýazýar, soňra bolsa emeli aňyň kömegi bilen olary aýdym-saz eserlerine öwürýär.

Xania Monet-iň «How Was I Supposed to Know?» atly aýdymy iň köp diňlenýän Billboard çartyna düşenden soň, saz pudagynyň ünsüni özüne çekdi. Jonsyň aýtmagyna görä, emeli aňyň kömegi bilen döredilýän sazlar diňleýjileriň öwrenişmeli boljak täze hadysasyna öwrüldi.

Baýragyň gowşurylyş dabarasy awtorlyk hukuklary baradaky jedelleriň dowam edýän we generatiw emeli aňyň sazandalara, aýdym ýazýan awtorlara, prodýuserlere hem-de ses režissýorlaryna bolan hyrydarlygy azaldyp biljekdigi baradaky aladalaryň artýan döwründe has hem köp üns çekdi.

Şol bir wagtyň özünde, baýragy guraýjylar we oňa gatnaşyjylar şeýle sazlaryň döredilmeginde adamyň ornunyň möhümdigini nygtaýarlar. Saz prodýuseri Dreýk Mýorfi muny şeýle teswirleýär:

«Käbirleriniň emeli aňy “galp zat” diýip atlandyrýan dünýäsinde onuň aňyrsynda duran adamyň, elbetde, hakyky adamdygyny unutmaly däldir».

Ýeňijileri Sonic Intelligence Academy guramasynyň düzümine girýän we emeli aňdan peýdalanýan sazandalar saýladylar.

Tehnologiýanyň tarapdarlary emeli aňyň ýörite bilimi ýa-da zerur başarnyklary bolmadyk adamlara hem saz baradaky höweslerini durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýändigini aýdýarlar.

«Köpçüligiň pikiriniň tersine, sahna aňyrsynda edýän işlerimiziň köpüsi agyr zähmeti talap edýär... Sungat mydama sungatdyr. Meniň pikirimçe, bu hem onuň başga bir görnüşi» diýip, baýraga dalaşgärleriň biri J. Frekwent belledi.