Aşgabatda Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti geçiriler

Şu gün, 08:18322

Aşgabatda 11-nji noýabrda Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçiriler. Çäre Azerbaýjanyň Ilçihanasy tarapyndan guralýar diýip, THP habar berýär.

Konsert Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda bolar. Orkestre Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Röwşen Nepesow we Eziz Jumanyýazow dirižýorlyk eder.

Gatnaşyjylaryň arasynda Azerbaýjanyň at gazanan artisti Ilaha Efendiýewa, Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, «Altyn Asyr» bäsleşiginiň ýeňijileri Begenç Moşyýew we Naryman Güseýnow, şeýle hem Gulgeldi Gatyýew bar.

Konsertiň başlanmaly wagty sagat 19:00-a meýilleşdirildi.