Türkmenistanda Hasyl toýy bellenildi

Şu gün, 10:023,139
1 / 13

Türkmenistanda Hasyl toýy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Esasy baýramçylyk çäreleri Garagum derýasynyň kenarynda Mejlisiň Başlygynyň, Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, ýaşulularyň we myhmanlaryň gatnaşmagynda geçdi diýip, TDH belleýär.

Baýramçylygyň çäginde oba hojalyk pudagynyň gazanan üstünlikleriniň sergisi guralyp, onda oba hojalyk önümleri, tohumlar, gaýtadan işlenen önümler, pagta, galla, gök önümler, miweler we bakja ekinleri görkezildi. Şeýle hem aýdym-sazly çykyşlar we milli göreş boýunça bäsleşikler geçirildi. Pälwanlar gadymy türkmen däbine laýyklykda ýeňijä berilýän baş baýrak üçin güýç synanyşdy.

Dabaralaryň çäginde oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine 2023-nji ýylda doglan «Hazyna» atly ajaýyp dor ahalteke bedewi sowgat berildi.

Şu ýyl türkmen gallaçylary 1,4 million tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýygnady, pileçi kärendeçiler bolsa 2,1 müň tonnadan gowrak pile ýetişdirdi. Pagta, gök önüm, miwe we bakja önümlerini öndürmekde gazanylan netijeler hem aýratyn bellenildi.

Hasyl toýunyň öňüsyrasynda, 7-nji noýabrda, Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk çäreleri ýurduň ähli welaýatlarynda we Arkadag şäherinde hem ýaýbaňlandy.