Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hasyl toýy mynasybetli ýurduň oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjy işgärleriniň bir toparyny döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutanynyň Permanyna laýyklykda, ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalyk pudagyny ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetleri üçin şu raýatlar «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy:
Rowaç Çaryýewiç Baýramow — Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň bölüminiň başlygy;
Ýusupmuhammet Baýmuhammedowiç Mämmedow — Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Bäherden tokaý hojalygynyň baş tokaýçysy;
Allanur Nurýagdyýew — «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň Babadaýhan etrap kärhanasynyň mehanizatory;
Baýramgylyç Agaýew — «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň «Ahalobahyzmat» önümçilik birleşiginiň Bäherden galla önümleri kärhanasynyň direktorynyň orunbasary;
Baýgeldi Amangulyýewiç Baýgeldiýew — Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň «Gökdepe» çakyr kärhanasynyň işçisi;
Guwanç Narkulyýewiç Kurbanow — Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Lebapsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň baş direktory;
Nurgeldi Saparniýazowiç Akmuradow — «Türkmenpagta» döwlet konserniniň Ýolöten pagta arassalaýjy kärhanasynyň sürüjisi;
Amangül Jumamyradowna Gulowa — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Hurmantgökje» daýhan birleşiginiň hünärmeni;
Gurbanmuhammet Öwezmuhammedowiç Magtymow — Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi;
Nurmyrat Orazmyradow — Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi;
Sähet Seýitberdiýewiç Sähedow — Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň «Daýhan ädimi» daýhan hojalygynyň mehanizatory;
Güljemal Ylýasowna Orazmyradowa — Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndan hususy önüm öndüriji;
Güýçgeldi Setdarowiç Işanow — Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Ýagtylyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi;
Kümüş Betjeýewna Gökiýewa — Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň kärendeçisi;
Kakaly Ähmedowiç Omarow — Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi;
Maksat Bazarowiç Gurbanow — Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň «Soltanýazgala» daýhan birleşiginiň kärendeçisi;
Abdulla Hudaýkulyýewiç Jowmardow — Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginiň mehanizatory;
Döwran Sapardurdyýewiç Gurbanow — Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Ak altyn» daýhan birleşiginiň kärendeçisi;
Ogulnabat Agajumaýewna Rozyýewa — Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Atçapar adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi;
Ýeňiş Nurmyradowiç Jummykow — Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Akýap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi.