Türkmenistanyň Prezidenti güýzki bag ekmek möwsümine badalga berdi

Düýn, 23:06557

Şu gün, 7-nji noýabrda, Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Köpetdagyň eteginde geçirilen çärä Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşyp, ilkinji bolup bag nahalyny oturtdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, çärä Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, döwlet edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem halk köpçüligi gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary T.Atahallyýew we B.Annamämmedow bilen söhbetdeş boldy. Prezident olara ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça işleri dowam etdirmegi we bu meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Arkadag şäherinde bag ekmek dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Ol ekologiýa çäresine badalga berip, bagy-bossanlyga öwürmek işleriniň barşy bilen hem tanyşdy.

Şäheriň ýolbaşçylary bilen geçirilen söhbetdeşlikde gök zolaklary köpeltmek we gülleri ösdürip ýetişdirmek meseleleri maslahatlaşyldy. Aýratyn hem, şäheriň häkimi G.Mämmedowa dürli görnüşli baglary we köpöwüşginli gülleri ösdürip ýetişdirmek ulgamynda Niderlandlaryň tejribesini ulanmak hem-de bu ýurtdan getirilen gül tohumlary barada maglumat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow şäheri bagy-bossanlyga öwürmekde öňdebaryjy tejribäni we ylmy çemeleşmeleri mundan beýläk-de peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler hem-de lukmançylyk klasteriniň önümçilik binalarynyň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy. Ol bellenilen möhletleriň berjaý edilmeginiň, işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň we ekologik talaplaryň berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi.

Güýzki möwsümiň çäginde tutuş ýurt boýunça saýaly, pürli we miweli baglaryň, şeýle hem üzüm nahallarynyň 3 millionyny oturtmak meýilleşdirilýär. Nahallaryň 1,5 milliony Aşgabat we Arkadag şäherleri üçin göz öňünde tutulan bolsa, ýene şonçasy bäş welaýatda ekiler.

Bagy-bossanlyga öwürmek çäresi ýurduň beýleki gök zolaklarynda — awtomobil ýollarynyň, derýalaryň, kanallaryň boýlarynda, suw howdanlarynyň we ilatly ýerleriň töwereklerinde hem geçirildi.

Çäräniň esasy wezipeleriniň biri mikroklimaty gowulandyrmak, gök zolaklary giňeltmek hem-de zaýalanan we çölleşen ýerleriň meýdanyny azaltmakdan ybarat. Garagum çölüniň Türkmenistanyň çäginiň 80%-den gowragyny tutýandygy sebäpli, tokaý zolaklarynyň we beýleki ýaşyl baglaryň oba hojalyk meýdanlaryny ýel eroziýasyndan goramakda ähmiýeti uludyr.

Bag ekmek çäresine ekologiýa guramalary, zähmet toparlary we ýurduň dürli sebitleriniň ýaşaýjylary gatnaşýar. Nahallar oturdylandan soň, hünärmenler olara ideg etmegi we suwarmagy üpjün eder. Suwy has rejeli peýdalanmak üçin damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny ulanmak meýilleşdirilýär.

Bu ýylky çäräniň badalga almagy oba hojalyk ýylynyň tamamlanmagy bilen gabat geldi. Eýýäm ertir, 8-nji noýabrda, Türkmenistanda Hasyl toýy belleniler.