Ispan futbolçysy derwezeban bilen çaknyşandan soň aradan çykdy: Ýewrokubok oýunlary bir minutlyk dymyşlyk bilen başlanar

Şu gün, 19:391,091

Şu hepde geçiriljek Ýewrokubok oýunlarynyň ählisi «Tenerife» toparynyň hüjümçisi Hesus de Migeliň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk bilen başlanar. 30 ýaşly futbolçy oýun wagtynda garşydaş toparyň derwezebany bilen çaknyşandan soň tarpa-taýyn aradan çykdy.

Pajyga Ispaniýanyň ikinji diwizionynyň «Tenerife» bilen «Andorra» toparlarynyň arasyndaky duşuşygynda, «Eliodoro Rodriges Lopes» stadionynda bolup geçdi. Oýun pursatlarynyň birinde myhmanlaryň derwezebany Hesus Owono top ugrunda göreşde öňürtjek bolup, hüjüme ylgap barýan Hesus de Migel bilen çaknyşdy we dyzy bilen onuň döşüne urdy.

Şondan soň hüjümçiniň ýüregi urmasyny bes etdi. Lukmanlar onuň ýürek urşuny dikeltmegi başardylar, futbolçy hassahana äkidildi. Muňa garamazdan, ony halas etmek başartmady.

«Tenerife» toparynyň oýunçysynyň aradan çykandygy 3-nji noýabrda irden habar berildi. Ispaniýanyň Korollyk futbol federasiýasy şol gün geçirilmegi meýilleşdirilen ähli oýunlary ýatyrdy.

Owono top ugrunda göreşde aşa güýç ulanandygy üçin gyzyl kart aldy. Ispaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, derwezebanyň birnäçe oýundan çetleşdirilmegi, şeýle-de onuň hereketleri boýunça jenaýat işi gozgalmagy ähtimal. Ýöne wakanyň hukuk taýdan nähili bahalandyryljagy heniz belli däl, – kazyýet derwezebanyň hereketlerini futbol oýnunda rugsat berilýän töwekgelçiligiň çäginden çykýandygyny ýa çykmaýandygyny kesgitlemeli bolar.

Betbagtçylykdan soň sosial ulgamlarda Owono garşy ýowuz töhmetler köpelip ugrady. Käbir ulanyjylar ony «ganhor» diýip atlandyrdylar. Ispaniýaly žurnalist Eneko Peres Karrasko we başga-da ençeme bilermenler derwezebanyň tarapyny çalyp çykyş etdi. Olar çaknyşygyň betbagtçylykly tötänlik bolandygyny we oýunçynyň bilkastlaýyn zyýan ýetirmekde aýyplanmagynyň adalatsyzdygyny bellediler. Ýerli habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Owono hem bolan wakadan soň agyr ruhy sarsgyny başdan geçirýär.

Lukmanlaryň pikirine görä, futbolçynyň ölümine seýrek duş gelýän commotio cordis ýagdaýy sebäp bolan bolmagy mümkin. Bu ýagdaý döş kapasasyna güýçli zarba urlanda, hatda ýürek keseli bolmadyk adamlarda hem ýürek ritminiň bozulmagy netijesinde ýüze çykyp biler. Ol ýürek garynjyklarynyň fibrillýasiýasyna we ýüregiň duýdansyz durmagyna getirip bilýär.