Italiýanyň «Milan» we «Inter» futbol klublary bilelikde ulanýan taryhy «San-Siro» stadionynyň ornuny tutjak täze arenanyň adyny ulanmak hukugyny satmak barada «Assicurazioni Generali» ätiýaçlandyryş topary bilen şertnama baglaşdylar. «The Athletic» neşiriniň habar bermegine görä, Milanda guruljak täze stadion «Generali Stadium» diýlip atlandyrylar. 20 ýyl möhlet bilen baglaşylan şertnamanyň umumy bahasy, takmynan, 650 million ýewro bolar.
Italiýanyň «La Gazzetta dello Sport» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu şertnamadan geljek girdeji gurluşyk üçin zerur çykdajylaryň ep-esli bölegini ýapmaga mümkinçilik berer. Täze stadiony gurmak üçin, takmynan, 1,2 milliard ýewro sarp edilmegine garaşylýar. Şonuň ýaly-da, tölegler 20 ýylyň dowamynda amala aşyrylar.

71,5 müň tomaşaçy üçin niýetlenen täze arena häzirki «San-Siro» stadionynyň golaýynda gurlar. Gurluşyga 2028-nji ýylda başlamak, stadiony bolsa 2031/32-nji möwsüme, ýagny Italiýa bilen Türkiýäniň bilelikde geçirjek 2032-nji ýyldaky futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň öňüsyrasynda açmak meýilleşdirilýär.
Taslama «Foster + Partners» we «Manica» binagärlik býurolary tarapyndan işlenip düzüldi. Meýilnama laýyklykda, stadionyň tribunalary meýdançany 360 dereje gurşap alýan bitewi görnüşde bolar. Şeýle-de tomaşaçylaryň oýun meýdançasyna ýakyn oturmagy üçin tribunalar has dik eňňitli ediler.
Halkara duşuşyklarda stadionyň adyndaky «Generali» sözi ulanylmaz.

Milanyň klublary üçin täze stadionyň gurluşygy girdejileri artdyrmaga we täjirçilik infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň bir bölegidir. 1926-njy ýylda açylan «San-Siro» häzirki wagtda klublaryň ykdysady maksatlaryna doly laýyk gelmeýär. 2025-nji ýylda «Inter» stadiondaky oýunlardan 103 million ýewro, «Milan» bolsa 87 million ýewro girdeji gazandy. Deňeşdirip aýtsak, Madridiň «Real» kluby «Santýago Bernabeu» stadionynyň durkuny täzelemegiň netijesinde oýunlardan 233 million ýewro girdeji aldy.
Täze arena diňe bir futbol duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolman, eýsem konsertleri, korporatiw we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin hem ulanylar. Taslamanyň işlenip düzülmegini we gurluşygyny «Milan» klubuna eýelik edýän Amerikanyň «RedBird Capital Partners» hem-de «Inter» klubunyň eýesi bolan «Oaktree» maýa goýum gaznalary goldaýar.
«Generali» bilen baglaşylan şertnama dünýä sportunda stadionyň adyny täjirçilik maksady bilen ulanmak boýunça iň iri ylalaşyklaryň birine öwrülip biler. Şeýle-de stadionlaryň adyny ulanmak hukugynyň satylmagy Italiýada häzirlikçe seýrek duş gelýän tejribe bolandygy sebäpli, bu şertnama ýurduň sport pudagy üçin möhüm görelde bolup biler.