Daniýada 25 müňden gowrak hindi towugy ýok ediler

Şu gün, 09:503,426

Daniýada guş dümewiniň ýaýramagy sebäpli 27 müň hindi towugy ýok ediler. Bu barada «The Copenhagen Post» neşiri ýazýar.

Häkimiýet edaralary şeýle netijä Lolland adasyndaky kiçiräk Stokkemarke şäherçesinde saklanýan guşlaryň arasynda patogen ýüze çykarylandan soň geldi. Daniýanyň Weterinariýa we azyk önümleri edarasynyň maglumatyna görä, bu bir hepdäniň dowamynda guş dümewiniň tassyklanan ikinji tutaşmasydyr. Birinjisi geçen anna güni Slagelse kommunasyndaky Begelund sebitiniň guşlarynda ýüze çykarylypdy.

Şunuň bilen baglylykda, weterinar lukman Mette Kirkeskow Si öý guşlarynyň eýelerine olaryň ýabany guşlar bilen galtaşmagyna ýol bermezligiň möhümdigini ýatlatdy. Guşlar saklanýan jaýa girilmezden öň aýakgaby çalşyrmak maslahat berilýär.

Guş dümewi ýokary patogenli wirus keseli bolup, ol ilkinji gezek 1996-njy ýylda Hytaýda gaz fermasynda ýüze çykaryldy. Şondan bäri H5N1 wirusy bütin dünýäde öý we ýabany guşlaryň arasynda hakyky kesel tutaşmalarynyň sebäbine öwrüldi. Ýokanç keseliň ýaýramagynyň esasy çeşmesi guş fabrikleridir.

Guş dümewi adamlar üçin hem howply hasaplanýar. Wirus kesellän guşlaryň nejasaty, gany we tüýküligi arkaly geçip, bir guşdan 100 adam keselläp bilýär. Käbir sebitlerde wirus iri şahly mallaryň arasynda hem hasaba alyndy.