Hytaýda ilkinji gezek robotyň kömegi bilen döş kapasasyny açman, ýürek oturtdylar

Şu gün, 17:301,709

Hytaýly hirurglar ýurduň taryhynda ilkinji gezek, robotyň kömegi bilen 67 ýaşly näsagda ýürek transplantasiýasyny geçirdiler. Operasiýa Sian Jiaotong uniwersitetiniň Birinji kliniki hassahanasynda edildi diýip, China Daily gazeti habar berýär.

Adaty ýagdaýda, takmynan, 20 santimetr uzynlykda kesim edilýän bolsa, bu gezek hirurglar gapyrgalaryň arasyndan 8 santimetr uzynlykda kesim etdiler we robotyň manipulýatorlaryny geçirmek üçin ýene 2 sany kiçi deşik açdylar. Bu usul döş süňküni kesmek zerurlygyny aradan aýyrmaga we köp mukdarda gan ýitirmek töwekgelçiliginiň öňüni almaga mümkinçilik berdi. Zeper ýeten ýüregi aýyrmak we donor agzasyny ýerleşdirmek üçin lukmanlar üç ölçegli şekillendiriş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan roboty ulandylar.

Bölüm müdiri Ýan Ýanyň aýdyşy ýaly, robot manipulýatorlarynyň ýokary takyklygy, esasan-da, kesel taryhy çylşyrymly bolan näsaglarda dürli kynçylyklaryň, şol sanda ýokanç keselleriň döremek howpuny azaltmaga kömek edýär.

Bu synag dünýä boýunça şeýle operasiýalaryň üçünjisidir. Ozal robotyň kömegi bilen ýürek transplantasiýasy 2024-nji ýylda Saud Arabystanynda, 2025-nji ýylda bolsa ABŞ-da geçirilipdi. Häzirlikçe bu ugurda robot tehnologiýalarynyň ulanylmagy tejribe häsiýetinde galýar. Şeýle-de bolsa, ýaşy ýa-da başga ugurdaş keselleri sebäpli öň operasiýa geçirmekden ýüz öwrülen näsaglary hirurgiýa usuly bilen bejermek üçin bu tehnologiýanyň ähmiýeti ýokarydyr.

«Näsagyň ýüregi doly ýagdaýda işleýär» diýip, Sian hassahanasynyň ýürek-damar hirurgiýasy bölüminiň müdiriniň orunbasary Li Ýunsin mälim etdi.

Şeýle hem ol näsag bilen gündelik fiziki we kardiologik dikeldiş işlerini geçmeli boljakdygyny belledi. Onuň pikiriçe, näsag bir-iki aýyň dowamynda adaty durmuşa dolanyp biler.