Leýla Aliýewa Arkadag şäherindäki Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işi bilen tanyşdy

Şu gün, 05:018,139
1 / 5

19-njy oktýabrda Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp gördi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Myhmany merkeziň işi we bu ýerde çagalaryň bejergi almagy üçin döredilen şertler bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa tanyşdyrdy.

Leýla Aliýewa ýöriteleşdirilen bölümleriň, merkeziň enjamlaşdyrylyşynyň hem-de bejergi we dikeldiş usullarynyň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bu ýerde çagalaryň daýanç-hereket ediş agzalarynyň işini dikeltmäge, sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge we jemgyýete doly goşulyşmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Merkezde aýratyn-da çagalaryň boýun-oňurga we hereket ediş agzalarynyň dogry ösüşini üpjün edýän ýöriteleşdirilen otaglar bolup, olar degişli enjamlar bilen üpjün edilen. Döredilen şertler çagalaryň amatly ýagdaýda bejergi almagyna, saglygynyň dikeldilmegine, aragatnaşyk endikleriniň ösdürilmegine ýardam berýär.

Leýla Aliýewa merkeziň hünärmenleriniň alyp barýan işleri we bejerginiň netijeleri bilen gyzyklandy. Ol Oguljahan Atabaýewa bilen bilelikde çagalar bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýagdaýlaryny sorady. Çagalaryň eneleri merkezde ähli amatlyklaryň döredilendigini, lukmanlaryň tagallasy bilen bejergileriň üstünlikli geçirilýändigini aýdyp, munuň üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdiler.

Leýla Aliýewa merkeziň çagalaryň saglygyny goramak boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.