Jeff Bezos, Ýuriý Milner, Sem Altman we beýleki amerikan milliiarderleriniň ençemesi öýjükleri täzeden programmirlemegi başarjak dermany döretmegiň üstünde işleýän Life Biosciences kompaniýasyna maýa goýdular. Bu tehnologiýa geljekde garrylyga garşy göreşmäge we birnäçe agyr keseli bejermäge ýardam berip biler.
Business Insider neşiriniň habar bermegine görä, kompaniýa dermanyň nobatdaky synag tapgyryny tamamlady. Onuň täsiri öýjüklere genetiki görkezmeleri bermäge esaslanýar. Bu görkezmeler kök öýjüklerinde we düwünçeklerde syn edilýän ýaşarmak mehanizmlerine meňzeş özgermeleri işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.
Bu taslama ozal syçanlarda we maýmynlarda synagdan geçirilipdir. 2026-njy ýylda bolsa derman ilkinji gezek adamlarda ulanylyp görüldi. Glaukoma keselinden ejir çekýän üç meýletinçi dermany üç hepdäniň dowamynda kabul etdi we netijede olaryň ikisiniň görüş ukyby ep-esli gowulaşdy, şol bir wagtyň özünde hiç hili ýaramaz täsir hem ýüze çykmady.
Synaglaryň indiki tapgyrynda dermanyň has ýokary mukdaryny ulanmak göz öňünde tutulýar. Meýletinçileriň az sanly toparynda geçirilen ilkinji synaglaryň netijeleri dermanyň uzak möhletleýin howpsuzlygy we täsirliligi barada gutarnykly netije çykarmaga häzirlikçe mümkinçilik bermeýär.
Tehnologiýa synaglardan üstünlikli geçse, ony artrit, ýokary gan basyşy, bagryň ýaglanma keseli we Alsgeýmer ýaly dürli dertleri bejermekde ulanmak mümkin bolup biler. Häzirlikçe bu diňe täze işläp taýýarlamanyň geljekki mümkinçilikleri bilen bagly çaklamadyr. Ony garramagy togtatmagyň ýa-da agzalan keselleri bejermegiň subut edilen usuly hökmünde kabul etmäge entek ir.
Life Biosciences kompaniýasynyň maýadarlarynyň arasynda PayPal we Palantir kompaniýalarynyň esaslandyryjylarynyň biri Piter Til hem bar.
Jeff Bezos ozal immunoterapiýa, garraýan öýjükleri ýok etmek we rak keselini ir ýüze çykarmak bilen bagly taslamalara maýa goýupdy.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, Milner hem uzak ýaşamak bilen bagly ylmy işlere maýa goýmak bilen öňden bäri gyzyklanýar.