Mary şäherinde durky düýpli täzelenen döwrebap saglyk öýi ulanyşa berildi

Düýn, 10:373,180
1 / 2

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Mary şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň açylyş dabarasy geçirildi. Durky düýpli täzelenen bu saglygy goraýyş edarasy Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň Oguzhan köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Bu barada «Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär. 

Açylyş dabarasyyna Mary welaýat häkimliginiň hünärmenleri, Mejlisiň deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri, ýaşulular we talyp ýaşlar gatnaşdy.

Döwrebaplaşdyrylan iki gatly saglyk öýünde dolandyryş, kabul ediş, maslahat beriş, anyklaýyş we bejeriş otaglary, bakteriologiýa we fizioterapiýa bölümleri, barlaghana, şeýle hem şöhle arkaly anyklaýyş, ultrases barlagy (USB), ehokardiografiýa, elektrokardiografiýa, endoskopiýa otaglary, gündizki bejeriş otagy we maşgala lukmanlarynyň hem hünärmenleriň işlemegi üçin niýetlenen otaglar ýerleşýär.

Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen bu edarada näsaglary kabul etmek we bejermek üçin ähli şertler döredilendir.

Binanyň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk-abatlaýyş işleri «Yhlasa ynam» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirildi.

Dabaraly çäräniň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň hem-de körpeleriň aýdym-sazly çykyşlary ýaňlandy.

Binanyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle hem Mary şäheriniň 1-nji saglyk öýüne döwlet Baştutanynyň adyndan rentgen-flýuorografiýa enjamlary bilen üpjün edilen «Mercedes-Benz» kysymly göçme lukmançylyk toplumy sowgat berildi.