Awazada «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň ýeňijisi bolan Özbegistanyň wekili Amina Mahmudowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baş baýrak — gibrid Zeekr 9X ýolsuzlyk ulagy gowşuryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Titul üçin 12 gyz bäsleşdi. Gatnaşyjylar ene dilini, taryhyny we däp-dessurlaryny bilişlerini, şeýle hem öz döredijilik başarnyklaryny görkezdi.

Baş baýrakdan başga-da, eminler topary aýratyn ugurlar boýunça hem ýeňijileri kesgitledi. Tatarystanyň wekili Dina Zaripowa «Iň erjel gyz» diýen ada, Mahmudowanyň özi bolsa «Iň owazly gyz» diýen ada mynasyp boldy.
«Iň uly minnetdarlygym — meniň atam-eneme. Her bir ýeňşimiň aňyrsynda olaryň söýgüsi, terbiýesi we maňa bolan ynamy durýar. Bu ýeňiş diňe maňa däl, eýsem olara hem degişli» – diýip, ýeňiji baýrak gowşurylyş dabarasynda aýtdy.
Mahmudowa Batyr Zakirow adyndaky Milli estrada sungaty institutynda bilim alýar, aýdymçy hünärini özleşdirýär we wokal mugallymy bolup işleýär.

Finalyň geçirilýän ýeri öňki ýylyň ýeňijisiniň ýaşaýan sebitine ýa-da ýurduna görä saýlanýar. 2025-nji ýylda bäsleşigiň täjini Daşoguzdan Alsu Rafikowa gazanypdy.
Zeekr 9X — Hytaýyň Geely markasynyň premium brendiniň doly ölçegli gibrid ýolsuzlyk awtoulagydyr. Modeliň başlangyç görnüşi Hytaýda, takmynan, 64 müň dollara durýar, daşary ýurt bazarlarynda bolsa onuň bahasy 113 müň dollardan başlaýar.