21-nji noýabrda Tokioda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň goldawy bilen daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleriniň arasynda ýapon dilinde 29-njy suhangöýlük bäsleşigi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy habar berýär.
Bäsleşikde ýapon dilinde çykyş eden Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow iki halkyň arasyndaky medeni ýakynlygy çaý däpleriniň üsti bilen açyp görkezdi. Çykyşda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline terjime edilen we türkmen çaý medeniýetiniň baý mirasyna bagyşlanan eserlerinde beýan edilen pikirlere aýratyn üns berildi.
Ilçi türkmen medeniýetinde çaý içmek däbiniň hem-de ýapon medeniýetinde çaý dabarasynyň çuňňur hormaty, myhmansöýerligi we özara düşünişmek islegini alamatlandyrýandygyny nygtap, munuň Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň halklaryny birleşdirýän umumy ruhy-ahlak gymmatlyklaryny şöhlelendirýändigini belledi.
Emin agzalary mazmunynyň çuňlugy, ak ýürekliligi we ýapon dilindäki ýokary ussatlygy üçin Türkmenistanyň, Sudanyň we Latwiýanyň wekilleriniň çykyşlaryna ýokary baha berdi.
Gazanylan abraýly baýrak Türkmenistanyň medeni dialogy we jemgyýetçilik diplomatiýasyny ösdürmäge goşýan goşandynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi. Ýapon tarapy bu üstünligiň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Ýaponiýa bilen dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak hem-de iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň oňyn netijesidigini nygtady.