Ispaniýanyň Ubeda şäheriniň ýaşaýjysy Huan Fransisko Leon Katena satyn alan binasynda abatlaýyş işlerini geçirýän mahaly öň bu ýerde ýerleşen keramatly Georgiý hassahanasynyň fasadyny tapdy. Desganyň taryhy 1347-nji ýyldan gözbaş alyp gaýdýar. Şonuň üçin tapyndynyň bahasy 1 million ýewrodan gowrak diýlip kesgitlendi. Bu barada El País neşiri habar berýär.
Katena ini 15 metre, beýikligi bolsa 11 metre barabar bolan binagärlik toplumyny ýüze çykardy. Bu toplum Galkynyş döwrüne degişli bolup, meşhur ispan binagäri Andres de Wandelwiriň işi hasaplanýar. Ol abatlaýyş işleri başlanýança, binanyň diwarlarynyň aňyrsynda galypdyr.

Bu açyş diňe bir taryhy ähmiýete eýe bolman, eýsem, eýesine maddy taýdan hem peýda getirdi. Ispaniýanyň taryhy miras baradaky kanunçylygyna laýyklykda, şeýle möçberdäki ýadygärligi tötänden tapan adama uly sylag göz öňünde tutulýar.
Andalusiýanyň häkimiýetleri binanyň eýesine bu tölegiň berilmegine garşy çykmaga synanyşsa-da, uzak wagtlap dowam eden seljermelerden soň, kazyýet meseläni onuň bähbidine çözdi. Netijede, Katena tapyndy üçin sylag almaga hukuk gazandy.