Welsiň Milli muzeýiniň (Amgueddfa Cymru) we Kardiff uniwersitetiniň alymlary hem-de hünärmenleri çägäniň astynda dört asyrlap diýen ýaly ýatan gadymy gulpuň dört harply koduny bilmegi we ony açmagy başardy. Munuň üçin kompýuter tomografiýasy ulanyldy diýip, BBC habar berýär.
Artefakt 1999-njy ýylda 69 ýaşly Piter Hýuz tarapyndan metal gözleýji arkaly Margamyň (Port-Tolbot) golaýyndaky Morwa kenarýakasynda, «Enn Frensis» gämisiniň heläkçilige uçran ýerinde tapyldy. 1583-nji ýylyň 28-nji dekabrynda gämi Ispaniýadan gelýän wagty tupana düşýär, onuň ýüki bolsa ýüzlerçe ýyllap çägäniň astynda gömlüp galýar.
Gulpuň ýanyndan kümüş teňňeleriň kolleksiýasy we iki sany çeki daşy tapyldy, şol sebäpli onuň bu predmetleri gorandygy ýa-da gymmat bahaly zatlary, resminamalary ýa-da matalary saklan sandygy gulplandygy çaklanylýar. Hýuz kody çözmek üçin 21 ýyl synanyşandan soň, 2017-nji ýylda kolleksiýany Welsiň milli muzeýine gowşurdy.

Gulpuň içki gurluşyny öwrenmek üçin Kardiff uniwersitetiniň inženerçilik fakultetiniň ylmy işgäri Dewid Wilýams mikrokompýuter tomografiýasy usulyny ulandy. Birnäçe skanirleme synanyşygyndan soň, alymlara çylşyrymly mehanizmi jikme-jik wizuallaşdyrmak başartdy.
Uly kurator Alaster Willisiň düşündirişi ýaly, mümkin bolan kombinasiýalar diýseň köpdi. Gulp her birinde alty harp bolan dört sany aýlanýan halkadan ybarat. Şunlukda, 1296 sany mümkin bolan kombinasiýa bar, üstesine-de, harplary gulpuň ýokarky bölegindäki ýarym halka bilen dogry gabat getirmeli.
«Gulpuň gyralaryndaky aýlanmaýan hem-de koda hiç hili dahyly bolmadyk harplar goşmaça bulaşyklygy döredýär. Olar gulpy açmakçy bolýan adamy ýalňyşdyrmak üçin ýörite goşulan ýaly» diýip, Willis belleýär.

Netijede, dogry kod ANCE harplaryndan ybarat kombinasiýa bolup çykdy.
Muzeý hünärmenleriniň aýtmagyna görä, gulp örän gowy saklanypdyr we häzirem ýüzlerçe ýyl ozalkysy ýaly işleýär. 2026-njy ýylyň iýulynda bu artefakt Suonsiniň kenarýakasyndaky Muzeýde sergä goýuldy.