CIET 2026-nyň wekilleri gadymy Nusaýa we Aşgabatdaky medeni ýadygärliklere baryp gördüler

Şu gün, 10:20261
1 / 4

«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» (CIET 2026) atly halkara maslahata we sergä gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar ýurduň taryhy hem-de medeni ýadygärliklerine baryp gördüler.

Saparyň esasy ugurlarynyň biri Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gadymy Nusaý boldy. Parfiýa döwletiniň taryhy bilen baglanyşykly bu arheologik ýadygärlik ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir.

Soňra daşary ýurtly wekiller Aşgabadyň günortasynda ýerleşýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna baryp gördüler. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylda açylan toplumda şahyryň ýadygärligi bilen birlikde dünýäniň görnükli ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň heýkelleri hem ýerleşýär.

Halkara maslahata gatnaşyjylar «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna hem aýlandylar. Bu toplum söweş meýdanlarynda wepat bolan milli gahrymanlaryň hem-de 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýertitremesiniň pidalarynyň hatyrasyna bagyşlanyp, türkmen halkynyň taryhy hakydasyny aýawly saklamakda aýratyn orun eýeleýär.

Bu medeni gezelenç CIET 2026-nyň maksatnamasynyň üstüni ýetirip, daşary ýurtly wekilleriň Türkmenistanyň gadymy taryhy, edebi mirasy we taryhy ýadygärlikleri bilen ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik berdi.