Tawşanly Höýükde itiň 4000 ýyl öň galdyran aýak yzy tapyldy

Düýn, 18:281,447

Arheologlar Türkiýäniň günbatarynda it penjesiniň yzy galan toýun kerpiji tapdylar. Barlagçylar onuň ýaşynyň, takmynan, 4000 ýyla barabardygyny çaklaýarlar. Kerpiç Kütahýa welaýatyndaky gadymy Tawşanly Höýük şäherçesinde gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahalynda ýüze çykaryldy.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň habar bermegine görä, it kerpije entek gurap ýetişmänka, gurluşykda ulanylmazdan öň basypdyr. Bu artefakt ýangyn sebäpli zyýan çeken obanyň harabalyklarynyň arasyndan tapyldy. Jaýyň weýran bolandygyna garamazdan, penjäniň yzy mizemän saklanyp galypdyr.

Tawşanly Höýük Günbatar Anadoluda bürünç asyryň iň möhüm taryhy ýadygärlikleriniň biri hasaplanýar. Gadymy şäherçe, takmynan, 45 gektar meýdany eýeläpdir. Alymlaryň çaklamalaryna görä, onuň taryhy 8 müň ýyl ozal başlanypdyr.

Öň bu ýerden ýaşy, takmynan, 4500 ýyllyk ýedi sany kiçi adam şekilli butjagaz hem tapyldy.

Barlagçylar Tawşanly Höýügiň 3700 ýyl töweregi mundan ozal, heniz ýangyn obany weýran etmänkä, sebitiň paýtagt şäheri bolandygyny çaklaýarlar.