Ankara şäherine amala aşyrylan iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan «Strategik dostluk nyşany» gowşuryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Dabara «JW Marriott» myhmanhanasynda geçirildi. Dabaranyň dowamynda DEIK-iň başlygy Nail Olpak Geňeşiň kararyny yglan edip, Türkmenistanyň Prezidentine «Strategik dostluk nyşanyny» we ýörite şahadatnamany gowşurdy.
Döwlet Baştutany bu ýokary sylag we bildirilen belent hormat üçin minnetdarlyk bildirip, ony iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň hem-de netijeli işewür gatnaşyklarynyň möhüm tassyknamasy hasaplaýandygyny nygtady.
Öz çykyşynda döwlet Baştutany türk kompaniýalarynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda uly göwrümli taslamalary amala aşyrandyklaryny belläp geçdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistany Senagat taýdan ösdürmegiň 2030 – 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» ünsi çekip, kesgitlenen uzak möhletli maksatlar we öňde duran wezipeler barada gürrüň etdi.
Türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada aýtmak bilen, Prezident himiýa, senagat we gurluşyk pudaklarynda mineral dökünleriň, polimerleriň önümçiligi, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, senagat kooperasiýasy hem-de ýerli çig maldan gurluşyk serişdelerini öndürmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Dokma pudagynda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda onlarça döwrebap dokma kärhanasynyň gurlandygyna we ýüplük, mata we taýýar tikin önümlerini ödürmäge çenli ähli esasy tapgyrlary öz içine alýan dokma klasteriniň kemala gelendigi nygtaldy.
Oba hojalygy we azyk senagaty ugurlarynda türk kompaniýalary oba hojalyk tehnikalaryny öndürmek, suw tygşytlaýjy ulgamlary ornaşdyrmak, ýyladyşhanalary gurmak, sowadyjy ammarlary döretmek we azyk önümlerini gaplamak boýunça taslamalara gatnaşmaga çagyryldy.
Ulag, logistika we sanly ykdysadyýet boýunça Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini peýdalanmak, ammar we konteýner terminallaryny gurmak, senagat kärhanalaryny awtomatlaşdyrmak hem-de kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk ýaly ugurlara aýratyn üns çekildi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda döwrebap lukmançylyk merkezlerini gurmak, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň hem-de Türkiýäniň işewür düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtady.
Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, Prezident Serdar Berdimuhamedow Ankaranyň «Etimesgut» howa menzilinden Aşgabada ugrady. Paýtagtyň halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşylady.