27-nji oktýabrda Azerbaýjanyň Baku şäherinde «Geljegiň hatyrasyna dialog» şygary astynda medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumy açyldy. Bu giň gerimli çärä Türkmenistanyň medeniýet ministri G.Myradaliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.
Forumda medeniýet ministri milli gymmatlyklary gorap saklamak, medeni mirasy geljekki nesillere ýetirmek hem-de medeniýetara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlap çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň milli däp-dessurlary, medeni özboluşlylygy we taryhy mirasy gorap saklamaga, şeýle hem olaryň geljekki nesiller üçin dowamlylygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtady.
Çykyşda milli gymmatlyklary gorap saklamakda bilimiň we ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. G.Myradaliýew ýaşlaryň ekologik başlangyçlara, medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerine we syýahatçylyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny belledi.
Şeýle hem ministr Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarlylygynyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, özara ynamy pugtalandyrmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri döredýändigini belledi.
Ministr her bir halkyň diline, mirasyna we milli özboluşlylygyna hormat goýmagyň jemgyýetçilik ylalaşygyny we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şertidigini, medeniýetiň bolsa halklary ýakynlaşdyrýan parahatçylykly we durnukly ösüşiň berk binýadydygyny nygtady.