Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň 30 ýyllygy bellenildi

Şu gün, 15:50224

23-nji noýabrda Adalat köşgüniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.

Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlary we diňleýjileri, talyp ýaşlar, şeýle hem diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Forumyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlag haty diňlenildi. Gutlagda bellenilişi ýaly, Türkmenistan döwletlilik, kanunyň hökmürowanlygy we milli demokratik ýörelgelerden ugur alyp, döwlet, jemgyýet we şahsyýet gatnaşyklaryny hem-de raýat jemgyýetini yzygiderli ösdürýär.

Çykyş edenler täze taryhy eýýamda demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň hukuk binýadynyň kämilleşdirilýändigini, milli kanunçykaryjylyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylyp, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalary bilen sazlaşdyrylýandygyny nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» hem-de «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmeginiň taryhy ähmiýeti bellenildi.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň deslapky başlangyçlary boýunça kabul edilen 30-dan gowrak Kararnamanyň halkara hukugyň ösüşine uly goşant goşýandygy aýratyn nygtaldy.

Forumyň dowamynda halkara hünärmenleriň we alymlaryň çykyşlary bilen bir hatarda, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň çykyşy diňlenildi. Onda adam hukuklarynyň kanunçylyk kepilliklerine we milli tejribe bilen halkara ýörelgeleriň sazlaşygyna aýratyn üns çekildi.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine döredilen şertler üçin hoşallyk bildirdi.