Türkmenistan noýabrda V halkara teatr festiwalyny kabul eder

Düýn, 21:52448

Aşgabatda noýabr aýynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly geçiriler. Çärä görülýän taýýarlyk barada wise-premýer Bahar Seýidowa anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Festiwala gatnaşmak üçin Türkmenistana daşary ýurtlaryň birnäçe teatr toparlarynyň gelmegine garaşylýar. Ýurduň we daşary ýurtlaryň teatrlarynyň sahna oýunlarynyň görkezilişini Aşgabat we Arkadag şäherleriniň teatrlarynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Festiwalyň gatnaşyjylary paýtagtyň gözel ýerlerine gezelenç eder hem-de her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerine gatnaşar (2026-njy ýylda ol 8-nji noýabra gabat gelýär).

Mundan başga-da, teatrlaryň ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda teatr sungatyny ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge bagyşlanan iş maslahaty guralar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow milli teatr sungatyny ösdürmegiň we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutany wise-premýere festiwala ýokary hilli taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.