8-nji noýabrda Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Döwlet simfonik orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Hindi kinosynyň sazlary» atly konsert geçiriler. Orkestre Resul Gylyjow dirižýorlyk eder.
Konsertiň dowamynda Bolliwud muşdaklarynyň söýgüsini gazanan meşhur aýdym-sazlar ýaňlanar. Konsertiň solistleri hökmünde Mansur Şaripow, Täçnabat Ýomudowa, Arzuw we Gülzada Gorganowalar hem-de Bahram Huseýinow çykyş ederler.
Konsert iki gezek — sagat 17:00-da we 19:30-da geçiriler.

Petekleri satyn almak bilen bagly soraglar boýunça 72 45 12 we 8 (63) 46 71 77 telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz.