Aşgabat bilen Daşoguzyň arasynda täze ýoluň gurluşygy barada Karara gol çekildi

Düýn, 22:115,062

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäginde awtomobil ýollaryny we köprüleri gurmak hem-de olary döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Resminama laýyklykda, Awtomobil ýollary ministrligine umumy uzynlygy 546 kilometr bolan Aşgabat — Daşoguz ýolunyň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Mundan başga-da, edara bu ýoluň ugrunda uzynlygy 812 metr bolan awtomobil köprüsiniň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça şertnama baglaşmaga ygtyýar aldy.

Şeýle hem Karar köprüleri dörebaplaşdyrmak boýunça şertnamalary baglaşmagy göz öňünde tutýar.