Ronaldu täze mineral suw brendine €10 mln maýa goýdy

Şu gün, 10:267,485

«Al-Nasr» toparynyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu çüýşeli täze mineral suw brendini döretmäge 10 million ýewro maýa goýdy. Taslama Portugaliýanyň suw bazarynyň, takmynan, 45 göterimine gözegçilik edýän Grupo Outeirinho kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Maravilha Decimal bilelikdäki kärhanasy arkaly durmuşa geçirilýär.

Grupo Outeirinho hem täze suw brendini döretmäge 10 million ýewro maýa goýdy. Ronaldunyň we kompaniýanyň bu taslamada paýlary deň bölündi.

Önümçilik zawody Portugaliýanyň Bragansa okrugynyň Goşteý sebitindäki çeşmäniň golaýynda gurulýar. Bu çeşmäniň saýlanyp alynmagy onuň saglyga peýdaly häsiýetleri, hususan-da, antioksidant aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr.

Grupo Outeirinho holdinginiň dolandyryjysy Fransisku Ferreýranyň aýtmagyna görä, hyzmatdaşlyk holdingiň işgärleriniň biriniň Ronaldunyň dostlarynyň biri bilen gatnaşmagy netijesinde ýüze çykdy. Gürrüň saglyk we aşgarly suw barada gidensoň, futbolçynyň özi 50% paý bilen hyzmatdaşlygy teklip etdi.

Bellenilişi ýaly, täze brend italýan dizaýnerlik kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanýar. Zawodyň gurluşygyny 2027-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak, 2028-nji ýylda bolsa işe girizmek meýilleşdirilýär. Kärhana ýylda 500-den 600 million litre çenli önüm çykarmaga niýetlenýär. Taslama başlangyç tapgyrda 30-35 iş ornuny döretmegi göz öňünde tutýar. Önümçilik, ilkinji nobatda, eksporta gönükdiriler.

Bu Ronaldunyň suw biznesinde ilkinji tejribesi däl: 2023-nji ýylda ol Ispaniýada hödürlenen «Ursu9» mineral suw brendiniň esaslandyryjylarynyň biri bolupdy.

2026-njy ýylda futbolçy tehnologiýalara, media we sport aktiwlerine maýa goýumlaryny hem giňeltdi. Ol Ispaniýanyň «Almeriýa» klubunyň 25 göterimini 25 million ýewro, iýmitlenmegiň EA-platformasyny ösdürmek üçin «Herbalife» IT-golçur kompaniýasynyň 10 göterimini 7,5 million dollara satyn aldy.

Mundan başga-da, Ronaldu Whoop akylly fitnes-bileziklerini öndürijiniň maýadarlarynyň hataryna girdi. Ol özüniň «Erakulis» EA-goşundysy üçin 2 million ýewro möçberde goşmaça maliýe serişdelerini çekdi we 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyny ýaýlyma bermek hukugyny alan LiveMode TV striming platformasynda paý satyn aldy.