Turkish Airlines «Liwerpulyň» täze titul hemaýatkäri bolar

09.09.2026, 17:343,416
1 / 2

«Liwerpul» 17 ýyldan soň birinji gezek esasy hemaýatkärini üýtgedýär. 2027/28 möwsüminden başlap, erkekler we zenanlar toparlarynyň, şeýle hem akademiýanyň köýnekçelerinde Standard Chartered bankynyň logotipine derek Türkiýäniň Turkish Airlines awiakompaniýasynyň nyşany peýda bolar.

«Liwerpul» hyzmatdaşyň üýtgemegi barada sişenbe güni, 8-nji sentýabrda yglan etdi. Täze şertnama kluba ýylda, takmynan, £60 million girdeji getirer. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, ylalaşyk bäş ýyla niýetlenýär, onuň umumy bahasy bolsa £300 milliona ($405 million) ýetip biler.

Klub bu şertnamany Premýer-liganyň taryhynda diňe köýnekçäniň öň tarapynda brendi ýerleşdirmegi göz öňünde tutýan ylalaşyklaryň arasynda «iň bähbitlisi» hasaplaýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Mançester Ýunaýtediň» Snapdragon brendini köýnekçede ýerleşdirmek barada Qualcomm bilen gazanan ylalaşygynyň şertleri hem şuňa meňzeýär.

Aslynda, has giň gerimli hyzmatdaşlyklar beýleki ägirt klublara has köp girdeji getirýär. Meselem, «Arsenal» kluby Emirates bilen ylalaşykdan ýylda, takmynan, £70 million gazanýar diýlip çaklanylýar, ýöne ol brendi diňe köýnekçesinde däl, eýsem türgenleşik eşiginde we stadionyň adynda hem ýerleşdirmegi öz içine alýar.

«Liwerpul» esasy hemaýatkärden gelýän girdejini 20% artdyrmagy meýilleşdirýär. Klubuň 2010-njy ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýän Standard Chartered banky ýylda, takmynan, 50 mln funt sterling töleýär. 2027-nji ýylyň iýun aýyndan başlap, bank klubuň global hyzmatdaşy bolup galar.

«Liwerpul» üçin Turkish Airlines bilen baglaşylan şertnama klubuň taryhynda altynjy titul hemaýatkärligi bolar. Ozal kluba Hitachi, Crown Paints, Candy, Carlsberg we Standard Chartered kompaniýalary şeýle hemaýatkär bolupdy.

Ben Letti bu ylalaşygyň «2005-nji ýylyň wakalary baradaky ýakymly ýatlamalary» ýada salýandygyny belledi. Gürrüň Stambulda geçen Çempionlar ligasynyň meşhur finaly barada gidýär, onda «Liwerpul» 0:3 hasabynda «Milandan» utulyp gelýärkä, hasaby deňläp, penalti tapgyrynda ýeňiş gazanypdy.