Şweýsariýanyň Alp daglaryndaky Randa obasynyň üstüne agramy 250 müň tonna deň bolan uly buz bölegi abanýar. Ol haýallyk bilen jülgä tarap süýşýär diýip, «Bild» neşiri ýazýar.
Aslynda, buz massasynyň hereketiniň güýçlenip başlamagy awgust aýynda hasaba alyndy. Şonda howp derejesi dörtden üçe çenli ýokarlandyryldy, indi bolsa buz bölegine yzygiderli gözegçilik ýola goýuldy. Ýagdaýy garyň ýagmagy has-da güýçlendirip, ol gar harsaňyna sebäp bolup biler.
Tebigy betbagtçylyklar boýunça inžener Norbert Karleniň bellemegine görä, buz bölegi häzirki wagtda «yzygiderli hereket edip», günde 20 sm tizlik bilen aşak düşýär.
Obada 450 adam ýaşaýar. Ýerli häkimiýet edaralary ýagdaýa ünsli gözegçilik edýär we buz böleginiň opurylmagynyň mümkindigini duýdurýar.
Şol bir wagtyň özünde, hünärmenler iň howply ýagdaýyň ýüze çykmak ähtimallygynyň pesdigini aýdýar: munuň üçin bir wagtda hem buz böleginiň opurylmagy, hem-de aşa ýokary gar harsaňy howpy gabat gelmeli. Mundan başga-da, buzuň tutuşlygyna däl-de, kem-kemden bölünip gaýtmagy-da mümkin.