XXI asyrda adamzada howp salýan 17 apat: «The Lancet» žurnalynyň sanawy

Düýn, 21:006,635
1 / 4

«The Lancet» žurnalynyň halkara komissiýasy XXI asyryň ahyryna çenli adamzada howp salýan 17 sany esasy apaty sanap geçdi. Olardan ikisi — emeli aňyň betniýetli ulanylyşy we ýadro urşy — iň ýaramaz ýagdaýda adamlaryň düýbünden ýok bolmagyna getirip biler.

Hasabat Berlinde geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş sammitinde hödürlendi.

Komissiýanyň düzümine Waşington uniwersitetiniň Saglygy goraýyş görkezijileri we bahalandyryş institutynyň direktory Kristofer Mýurreýiň we Nataliýa Kanemiň ýolbaşçylygynda 37 sany hünärmen girdi. Alymlar ýüzlerçe bolup biljek howplary derňewden geçirdi we olaryň döredip biljek netijeleriniň öňi alynsa, 2025 — 2100-nji ýyllar aralygynda adamzadyň näçe ýyl sagdyn ömri saklap galyp biljekdigine baha berdi.

Ýetýän zeperi ölçemek üçin DALY görkezijisi — keseller, maýyplyk ýa-da möhletinden irki ölüm sebäpli ýitirilen sagdyn ömür ýyllary ulanyldy. Awtorlaryň hasabyna görä, şeýle ýyllaryň bir milliardy planetanyň iki gezek COVID-19 pandemiýasyny başdan geçireni bilen barabardyr.

Ýadro çaknyşygynyň hem-de emeli aňyň betniýetli ulanylmagynyň ähtimallygyny hünärmenler pes diýip hasaplaýar, ýöne olaryň netijeleri düzedip bolmajak bir zat bolup biljek. Ýadro urşy atmosferanyň hapalanmagy sebäpli global sowuklaşma we köpçülikleýin açlyga getirmäge ukyplydyr. Emeli aň bolsa biologik ýaraglary döretmek üçin ulanylyp bilner.

Awtorlaryň hasaplamalaryna görä, emeli aňyň betniýetli ulanylmagyna garşy çäreler, takmynan, 10,4 milliard ýyl sagdyn ömri saklamaga mümkinçilik berer, ýadro çaknyşygynyň öňüni almak bolsa — 133 million adamyň ömrüni we 9,35 milliard ýyl sagdyn ömri saklap galar.

Galan 15 apatyň hem hersi bir milliard ýyldan gowrak sagdyn ömrüň ýitirilmegine eltip bilýär. Öňüni alyp boljak iň uly zeper  — 23,1 milliard DALY semizlik bilen baglanyşyklydyr. Onuň adam saglygyna ýetirýän zyýany, takmynan, 46 COVID-19 pandemiýasyna deňdir. 

Adamzada getirýän howpy babatda iň uly apatlaryň üçlügine pes bilim derejesi we girdejileriň deňsizligi girýär.

Şeýle hem sanawa howanyň hapalanmagy, mikroblaryň antibiotiklere durnuklylygy, çagalara azyk ýetmezçiligi, klimatyň üýtgemegi, ýaragly çaknyşyklar, alkogolly içgileriň hetdenaşa ulanylmagy, temmäki serişdeleri, ýokary gan basyşy, tebigy pandemiýalar, psihiki saglyk bilen bagly nogsanlyklar, sagdyn däl garrama we saglygy goraýyş ulgamyna halkara kömegiň azalmagy girdi.

2100-nji ýyla çenli 17 apatyň ählisinden ýetjek bilelikdäki zeper 246 milliard ýyl sagdyn ömri düzüp biler — bu, takmynan, 500 COVID-19 pandemiýasyny başdan geçiren ýalydyr.

Hasabatyň awtorlary bu howplaryň özara baglanyşyklydygyny nygtaýar, şonuň üçin olara garşy toplumlaýyn göreşmek zerur. Olar saglygy goraýyş ulgamlarynyň çökgünliklere taýýarlygyny berkitmegi, ylmy barlaglara maýa goýmagy we ýüze çykýan howplary yzygiderli yzarlamagy teklip edýär.

«Geljek doly kesgitlenen däldir» diýip, Kanem belleýär.

Komissiýanyň maksady jemgyýeti gorkuzmak däl-de, «saglygy goraýşyň we adamzadyň geljegini goramak hem-de berkitmek boýunça halkara, sebit we milli tagallalary höweslendirmekden ybarat». Hünärmenler bu meseleleri çözmegiň diňe bir aýry-aýry meseleler bilen göreşmek bilen çäklenmän, uzak möhletleýin we köptaraply çemeleşmäni talap edýändigini nygtaýar.