Çiliniň paýtagty Santýago şäherinde güýçli çabga uly möçberli suw joşgunyna sebäp boldy. Ýurduň Prezidenti Hose Antonio Kast halas ediş çärelerine goşmaça güýçleri we harby tehnikalary çekmek maksady bilen, Las-Kondes etrabynda adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizdi. Bu barada Euronews habar berýär.
Suw akymlary köçeleri basyp, awtoulaglary öz ugruna syryp äkitdi. Hatda käbir ýolagçylar suwdan halas bolmak üçin münen awtobuslarynyň depesine çykmaga mejbur boldular.
Las-Kondes paýtagtyň iň köp zyýan çeken etraplarynyň biri boldy. Bu ýerde hapa suw ýaşaýyş jaýlarynyň arasyndan akyp geçdi. Halas edijiler awtoulaglaryň we binalaryň içinden adamlary çykardylar, harby gullukçylar bolsa ýaşaýjylary howpsuz ýerlere göçürmäge kömek etdiler. Iň azyndan alty adam şikes aldy. Garrylar öýünden ýene 11 adam howpsuz ýere göçürildi.
Şeýle hem häkimiýetler Santýagonyň günortasynda bir adamyň aradan çykmagy bilen bagly ýagdaýy derňeýär. Onuň ölüminiň suw joşguny bilen baglanyşyklydygy heniz anyk belli däl.
Akyp gelen hapa suw iki sany hususy hassahananyň bejeriş otaglaryna hem-de lukmançylyk enjamlaryna zeper ýetirdi. Olaryň golaýynda ýerleşýän uniwersitet şäherçesi hem uly zyýan çekdi.
Çiliniň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça milli agentligi Santýagonyň töweregindäki on etrapda howpuň iň ýokary derejesini — gyzyl duýduryşy yglan etdi. Häkimiýetler ýaşaýyş jaýlaryna we ulag ýollaryna howp salyp biljek täze sil suwlarynyň döremeginiň mümkindigi barada duýdurdylar.
Zyýan çeken etraplarda mekdepler ýapyldy. Ýaşaýjylara zerurlyk bolmasa, ýola çykmazlyk maslahat berilýär.
Suw joşgunyndan öň ýurduň merkezi böleginde birnäçe günläp güýçli ýagyş ýagypdy.