Ýaponiýanyň paýtagty Tokionyň merkezi böleginde eýýäm 35 gün yzyny üzmän ýagyş ýagýar. Bu, 1886-njy ýyldan başlanan howa gözegçilikleriniň taryhynda hasaba alnan iň uzyn üznüksiz ýagyşly döwür boldy diýip, The Guardian habar berýär.
Ýaponiýanyň Meteorologiýa gullugynyň maglumatlarynda öňki rekordyň 33 gün bolup, 2019-njy ýylyň 27-nji iýunyndan 29-njy iýulyna çenli dowam edendigi aýdylýar. Tokionyň merkezi bölegindäki howa gözegçilikleri Tioda etrabyndaky Kitanomaru seýilgähinde ýerleşýän meteorologiýa stansiýasynda geçirilýär.
Sentýabryň başyndan şu hepdäniň başyna çenli Tokionyň merkezinde 629 millimetr ygal düşdi. Bu adaty aýlyk görkezijiden, takmynan, üç esse köp. Şeýle hem bu görkeziji 1958-nji ýylyň sentýabryndaky rekord 670,9 millimetre golaýdyr.
Şol döwürde Tokioda bary-ýogy 45,8 sagat Gün şöhlesi hasaba alyndy. Bu bolsa ähli gözegçilik taryhyndaky ikinji iň pes görkeziji boldy. Mundan başga-da, 14 günüň dowamynda şäherde asla Gün görünmedi.

Uzak wagtlap dowam eden ýagyş şäher ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyna hem täsirini ýetirdi. Tokionyň golaýyndaky oba ýerlerde ekinleriň zaýalanmagy sebäpli gök önümleriň, esasan-da ter ot-soganlaryň bahasy gymmatlady. Ýaşaýjylar egin-eşiklerini kadaly guradyp bilmeýändiklerinden hem zeýrenýärler.
Lukman Hiromiti Itonyň aýtmagyna görä, uzak wagtlap dowam edýän ýagyşlar, pes atmosfera basyşy we ýokary çyglylyk kelle agyryny, baş aýlanmany we beýleki alamatlary ýüze çykaryp bilýär.

Hünärmenleriň pikiriçe, adatdan daşary uzaga çeken ýagyşly howa klimatyň üýtgemegi netijesinde Ýuwaş ummanynda dowamly ýokary basyşly sebitiň emele gelmegine ýardam eden El-Ninýo hadysasy bilen baglanyşykly bolmagy ähtimal.