«Çarlz» tupany sebäpli Portugaliýada ýüzlerçe uçuş ýatyryldy, mekdepler we edaralar ýapyldy

Şu gün, 02:05356
1 / 5

Portugaliýada Atlantikanyň üsti bilen ýurda ýetip gelen «Çarlz» tupany sebäpli ýokary derejeli taýýarlyk derejesi yglan edildi.

Reuters agentliginiň habar bermegine görä, 11-nji noýabrda tebigy hadysa zerarly awiakompaniýalar 200-den gowrak uçuşy ýatyrmaly boldy, mekdepler we döwlet edaralary ýapyldy, birnäçe awtomobil ýollarynda, şol sanda Lissabona barýan ýollarda hereket çäklendirildi.

Tupan ilki Madeýra adasynda höküm sürdi. Güýçli çabga şäher köçelerini suw basmagyna, güýçli şemal bolsa agaçlaryň ýykylmagyna getirdi. Halas ediş gullugynyň işgärleri suw basan garaždan akym bilen äkidilen bir adamy halas etdiler. Heläk bolanlar ýa-da şikes alanlar barada maglumat ýok.

11-nji noýabra geçilen gijeden bäri Milli adatdan daşary ýagdaýlar we raýat goragy müdirligi tupan bilen bagly 500-den gowrak hadysany hasaba aldy. Olaryň arasynda suw basmalar, agaçlaryň ýykylmagy, süýşgünler we dürli desgalaryň bölekleriniň opurylmagy ýaly ýagdaýlar bar. Algarwe sebitinde 76 hadysa hasaba alyndy.

Agşama çenli Portugaliýanyň materik bölegindäki Faro etrabynda howply howa şertleriniň gyzyl derejesi saklandy. Beýleki sebitlerde bolsa howp derejesi mämişi derejä çenli peseldildi. Ýurtda ýaşaýjylara öýlerinde galmak maslahat berildi, gyssagly kömek gulluklary we goşun ýokary derejeli taýýarlyk ýagdaýyna getirildi.

Lissabonda geçirilýän Web Summit atly iri halkara tehnologiýa konferensiýasy hem 11-nji noýabrdaky ähli çärelerini ýatyrdy.

Portugaliýanyň IPMA meteorologiýa gullugynyň maglumatyna görä, «Çarlz» tupanynyň merkezi Atlantik ummanynyň üstünde iki bölege bölündi. Netijede onuň güýji gowşapdyr. Muňa garamazdan, degişli gulluklar ýokary derejeli taýýarlyk ýagdaýyny saklaýar.